| |

Edebi ýañsylamalar

Edebi ýañsylamalar EDEBI ÝAÑSYLAMALAR (PARODIÝALAR)

• Bolsun meniňki…

Trolleýbus meňki, awtobus meňki
Gar geýinen şäher meňki durşuna…
Nobatguly Rejebow.

Maňa çenli zatlaň bary meniňki…
Meňki şygyrlary şahyr Nepesiň,
Meňkidir söýgüsi aşyk Nepesiň.
Atamyrat Atabaýew.

Ownuk-uşak zada kaýyl bolmaryn,
Bu jahanyň herne-bary meniňki.
Daga-düze çäk goýmany bilmerin,
Baglaryň almasy, nary meniňki.
Kakabaý Gurbanmyradow.

Pikir bilen göwreli bu zamanaň
Bir çyglymy, bir burgusy meniňki.
Öňki öten, indi dogjak genileň
Ýüreginiň bir urgusy meniňki.
Ökdem Eminow.

Aýdyňki bu nä ahwalat adamlar,
Dawasy nä bu dört sany şahyryň?
Bu gün zemin adamzada degişli,
Olar muňa düşünmeli ahyry?

2.

Pikir babatda-da şeýledir hökman,
Herki zat meňzese ýagşy özüne.
Şekspirden, Pyragydan alynsa,
Şonçarak zat beriläýse öwezne!

Şygyrlaryn gaňryp alyp elinden,
Söýgüsini gaňryp alyp elinden,
Öňlerinde nä ýazygy Nepesiň,
Aýryp Bossantäçden, saýrak tilinden?!

Göwreli zamana – biziň zamana,
Ökdemiňki bolmaly bir burgusy.
Ahyr bildik, şahyr Ökdem Emine
Bar ekeni genileriň bergisi!

Şonuň üçin onuň soran zadyna
Baş ýaýkaşyp, ýok diýmäňiz telekdir,
Men aýdaýyn, bizi halas edäýjek,
Öz-ä bir zat – bir zatlar-a gerekdir!…

Üýşdük, ýygnanyşdyk, geldik karara,
“Genä degişli zat bolsun geniňki”.
Dört şahyr dört ýerden gygyrdy birden,
“Meniňki, meniňki, bolsun meniňki”…

Soňra girişdik biz sowal-jogaba,
Ýalandyr öýütmäň muny okab-a!

— “Otello” kimiňki?
— Meniňki.
— Pyragynyň “Näme seni” kimiňki?
— Meniňki.
— Agyp-dönüp ýören süri kimiňki?
— Meniňki.
— Sygyrlar, düýeler bary kimiňki?
— Meniňki.
— Ýollar, gollar, çiller, piller… kimiňki
— Meniňki.
Köller, göller, ýollar, pullar kimiňki
— Meniňki.
Kesbiňizden kemal tapyň oglanlar.

• Ýürekdeş gürrüň

Kişiň bagtyn alyp bagtly bolma kyn,
Enelerem bagty dogurmaýarlar.
Biri bir setirmi alsa begenýän,
Gowy şahyrlary ogurlaýarlar.
Atamyrat Atabaýew.

Men meýil edemok kişiň bagtyna,
Has takygy, beýle kişi göripdir.
Kim meýil etse, kişiň bagtyna
Diýmek, ol ruhy taýdan garypdyr.

Bagt dogurmasa, goý, dogurmasyn,
Onuň üçin enelerden kinäm ýok.
Men şahyr, bagtymy özüm döredýän,
Maňa hormat goýmadygy sylamok.

Setirlermi okap, ogurlamasa,
Ykrar edemok men beýle şahyry.
Sygdyryp bilemok, walla, kelläme,
Gowy setir alynmaly ahyry.

Goşgularmy okap, ogurlaberiň!
Onuň üçin hiç kim bilen dawam ýok.
Meň özümem käte şeýdýän ahyry,
Şo sebäpden ýüregim kän awanok.

• Uly açyş

Belki, alaw-otdur ol,
Ýa bir tozan-totdur ol,
Gözbagçymy, jadymy,
Ýa allanyň adymy?

Gije düşen çygmy ol,
Iki ýüzli tygmy ol,
Möhümlikmi, möhletmi,
Tohumlykmy, töhmetmi?
Ökdem Eminow. “Söýgi näme?”

Ol bir tozan-todam däl,
Gözbagçy ýa jadam däl,
Ýa allanyň adam däl,
Ýürege ornan söýgi.

Bir gysym toprak-da däl,
Çalynýan deprekde däl.
Şahada ýaprak-da däl,
Beýnide bekän söýgi.

Derýa oklan Tahyry,
Aýdyň näme ahyry?
Ýüpsüz baglan şahyry,
Ýürege ornan söýgi.

Bolmasa ol möhümlik,
Bolmasa ol tohumlyk,
Ýa-da bolmasa möhlet,
Bolmasa ýa-da töhmet,

Be-e, nämekän oň asly,
Aýt, sen adam nesli?
Barmykan heý çaklanlar,
Aýdyň hany, çakganlar!

— Muny Ökdem bilmese,
Nirden bilsin akgaňlar!..

• Alada

Eý, ömür,
Tentek et,
Isle däliret,
Ýöne mahrum etme meni gülmeden,
Çytykdyr gaşlarym… gel dadyma ýet!
Gorkýaryn…
Başymy aşak salmadan.
Gözel Şagulyýewa. “Ömre”

Men bir zada kepil geçip bilerin,
Ömrüň sende kasdy ýokdur, eý, Gözel!
Däliremek hem tenteklik barada –
ky gürrüňi şu-ş-şu mahal goý, Gözel!

Gülkiň sesi eşidilsin magrupda,
Tolkun-tolkun bolup dolsun maşryga.
Birje haýyş, çytma gara gaşyňy,
Hem sarpa goýaly gadym goşuga.

Gülmek üçin bir bahana gerekdir,
Ýogsa diýrler “Ýeke gülen masgara”.
Şony eşitmejekligiň çyn bolsa,
Maslahatym, käte-käte asgyr-a,
Käte-käte üsgür-ä!

Gülüber, gülkiňe garşy çykan ýok,
Ýöne gülüp ýörseň, nä diýrler, uýam?!
…Ah, käte gaýgyly goşgy ýazýaň-da,
Bizi ullakan bir alada goýýaň!…

Baş redaktora duýgudaşlyk

Neşirýat, eý, neşirýat,
(baramzok biz mesirgäp),
Seň günäňi geçemzok,
Ömrümizi geçirýäs.
Etmänden soň garaşyk,
Gözün açman gitdi kän,
Diwanyna garaşyp…
Orazguly Annaýew, “Özümiz hakda”

Çaň basyp ýatsa diwanyň
Gowy zat däl olam-a.
Okyjylar halamaz,
Urdursaň çöp-çalama.

Zeýrenme şahyr, zeýrenme,
Neýlesin? wah neşirýat.
Diwanlaryň çykyp dur,
Begenjiňden aşyr at!

Sen zeýrenseň, kim zeýrenmez,
Baş redaktor adyň bar!
Plan-u –planda däl,
Petde-petde zadyň bar…
(barmasaň-da mesirgäp,
Düşbüjedir neşirýat!).

• Haýyş

…Gije-gündiz gözlerimden ýaş döksem,
Horlansam hassa dek, bir gysym bolup,
Göwnümi tapmaň!

Gaýta halka gurap meniň daşymda,
Şatlanyň siz, jak-jak edip gülüň siz.

Şahyr bolup dogulmanym sebäpli,
Şahyr bolup bilmän ölüp barşyma.
A.Garaýew. “Şahyr bolup dogulmak”

Horlansaň hassa dek, bir gysym bolup,
Elbetde, halyňy soran tapylar.
Barsak eger, hökman gülüp bararys,
Toý geýimin geýip, şaý-sep dakylar.

Şonda näme diýer goňşy-golamyň,
Çagalaryň atlanmazmy gahary?
Bir zat diýjek gulak goýsaň sözüme:
Öz wagtynda iýip-içgin nahary!

Biz seniň üstüňden gülüp biljek däl,
Aglanyň ýanynda gülmek aýypdyr!
Maňa degişli däl bu pähim-paýhas,
Muny şahyr Magtymguly aýdypdyr.

Goşgudyr-da, öz-özüňi gynama,
Haýpyň gelsin bala-çagalaryňa!
Sensizem poýeziýaň keşigin ýekýän,
Türkmen sowet edebiýatynda bar-a!

Biz seniň ýoldaşlaň, obadaşlaryň,
Bütin ildeşleriň bolup ýalbarýas.
Göwnüňi tapmaga rugsat ber bize,
Ýogsa däreý gunça bolup süllerýäs.

• Şahyryň arzuwy

Şäher “meri” bolan bolsam eger men,
Diýenleri “Talabyny eýgerme”.
Birje günem saklamazdym işinde,
Sapak bordy, et galmazdy dişinde.
Ýagmyr Pirgulyýew, “Meniň dünýäm”

Şeýle meriň çeke-çeke zaryny,
Durup bilmän ilki seslendi şahyr.
“Edýäniňiz näme, a-how, adamlar,
Çyn merlige ýetişenler bar ahyr!”

Ynhalykga, meni alyp göreliň,
Şäher meni, men şäheri tanaýan.
Eger meni mer saýlajak bolsaňyz,
Bag-bakjany suwarmagy boýun alýan.

Eli pilli aýlanaryn ýapma-ýap,
Ähli ýaltalary kowaryn işden.
Aňzak gyşda eger turba ýarylsa,
Ilki özüm geçirerin kebşirden.

Mer bolsam-da şahyrlygmy goýmaryn,
Iş ýakmazlar alar tankytdan paýyn.
Arzuwyma ýetip bilsem bolany,
Işlärin sowadyp naharym-çaýym.

Nahal oturdaryn, bag dörederin,
Suw kesilse, suw çekerin maşynda.
Boş ýatan ýerlere çigit oklaryn,
Ýetişensoň, ýataryn oň başynda.

Ýöne weli şuny bilip goýsunlar,
Iş babatda has zabundyr talabym.
Wodhozmyň, komhozmyň…işläp bilmeseň,
Wezipeden hoşlaşarsyň galapyn…

Şäherňizi söýýäniňiz çyn bolsa,
Onda saýlaň meni şäher merligne.
Ine, şonda bahym göz ýetirsiňiz,
Şahyr Ýagmyr Pirgulynyň zorlugna.

• Ultimatum

…Ät galdym ymtylyp bagta,
Doýdum şowsuzlykdan dadyp.
Maňa duşmanlaryň bary,
Azy ýaran mekirdiler.
Öňe gidip bilmedikler
Yza galyp ýekirdiler.

Elbetde, men äpet pil däl,
Ýöne yza-da gitmerin.
Ýeke şaýa alamok men,
Jöw-jöwüni bu itleriň.
Orazguly Annaýew.

Aýt, kim degdi göwnüňe?
Kim ynjytdy şahyr göwni?
Dymýarsyňyz näme üçin,
Geliň, çözüşeliň düwni!

Munyňyz-a bolmaýan zat,
Ýekirmek bormy kişini?!
Bagtyny alyp elinden,
Görüpsiňiz-ä işini.

Indi jaň edenok hiç kim,
Hiç kimden habar tutanok.
Bagtdan jyda düşen şahyr,
Ýatanok, hergiz ýatanok.

Bagtyny gaýtaryp beriň,
Wagtyny gaýtaryp beriň.
Şahyry ynjytmak bolmaz,
Şahyrdyr diregi ýeriň.

Köteklemäň, gygyryşmaň,
Döretse gowşak goşgyny.
Barybir şaýa alanok,
Möwç urýar ylham-joşguny.

Belli-le wah, edäýmelsi,
Ömür oňa böwetdiňiz.
Bolmasa-da bir äpet pil,
Şonçarak zat ýuwutdyňyz.

Azy ýaran mekirjikler,
Göripjikler ah, siz nä kän.
Dil düwüşen ýaly walla,
Hemmejäňiz daýy-çykan.

Adam-adama dost-dogan,
Içi ýansyn duşmanlaryň.
Öz-özünden görmelidir,
Işi şowsuz paşmanlaryň.

Ýöne soragym bar birje,
Adam deňelmesin ite.
Eger birden deňeläýse,
Şygyrýetde dälmi ÇP?!

• Leňňeje deňelen gelneje

…Mazmunyň däl, bu ýer formaň sergisi,
Synlasaň görüp bor olaň hersini.
Uzyn, gysga, hor ýa semiz aýaklar,
Bar kenara çykan sekizaýaklar
Ýüzün ýaprak bilen ýapan gelneje,
Meňzeýär reňki öçen leňňeje…
Orazguly Annaýew. “Gara deňziň kenarynda”

Mazmun näme gerek, formaň gurbany,
Ähli zatlaň formasynda bar many.

Goşgy üçin ilki kapiýa gerek,
Sekiz ýazsaň bolar semize derek.

Nähili söz ulansa bor gelneje?
Mysal üçin, deňesek bor leňňeje!

Öýkelese öýkelesin gelneje,
Formasy bolsa bor, many nä küje.

Işletsek galamy goşgy çykyp dur,
Okyjylar näme ýazsak okap dur.

Goşgy ýazmak çagalykdan höwesim,
Weeňňam şährine barsyn Öwezim…

• Zähmetkeş möý

Tüýs edermen ol
Hem zähmetsöýer —
Gyra çekilip
Awuny iýer.
G.Çöliýew. “Möý”

Möýe hormat goýuň,
Dostumyzdyr möý.
Bilmedikler şuny
Bek bilsinler goý.

Möý çaksa çaksyn
Öldürmäň ony.
Gurbanyň ýanyna
Baraýyň göni.

Onuň aýdan sözüne
Möýler boýundyr.
Olar akyllyja
Gara goýundyr.

Edermen, zähmetkeş
Möýler Ýaşasyn.
Urup, sögme ony
Gelse ýaşasyň.

Gyra çekiler-de
Iýer awuny
Degäýmäň birdenkä
Pürker awyny!

Şonda aljyramaň,
Ýatlaň Gurbany!
A onsoň wraça
Ýollaň permany!

Hawa-da, möýleňem
Ýaşasy gelýär.
Şonuň üçin olar
Zähmetkeş bolýar.

• Robinzon, Görogly we başgalar

Ajal syrtmagyny zyňar ýakyndan
Maňa şeýle bolar ölmüň öňünde.
Men ölerin Martynowyň okundan,
Radişewiň içen ajy meýinden…

…Men Çardagly Çandybiliň Röwşeni,
Men gamgyn adanyň Robinzony.
…Men özüme gaýdyp geldim ahyry
Ýuwnuksyz öwgüleň berip talagyn…
Gurbandurdy Orazow. “Söhbet”

Öläýerçe Martynowyň okundan
Görogly agamyz ejizläp ýörmi?!
Ugrun üýtgedip ýör haçandan bäri,
Ajy meýde onuň ýa ary barmy?

Ölüm hakda nädürs oýlanmalary
Kowup, batmaly däl gamgyn hyýala.
Sen Röwşen-ä, Seň Görogly at alan
Ýaşap öten ýetip 120 sala.

Gaty hapa bolduk deň-duşlar bolup,
Bu ajy habara ýürek elendi.
Diýeris biz Martynowa “Gowja bol”.
Diýseň bor “Oglanlar, sözüm ýalandy!”

Seriň dury bolsa gowy ýazarsyň,
El çek Radişewiň ajy meýinden.
Sen özüňe gaýdyp geldiň ahyry,
Talagyny berip ölmüň öýünden.

Gijelerne söz yşkyndan agladyň,
Ýatmady derdiňden goňşy-golamyň.
Ýalbaryp gördüler, diýip gördüler:
– Dynjyň alaý, bir pursat goý galamyň!

Sen Robinzon,
Gerek bolsa Röwşensiň!
Rüstem Zal sen –
Ýow günleri döwşensiň.

Nowjuwan sen,
Ýöne däl sen Don Žuan.
Aý, garaz senligňe güwä geçjek zat
Gaty kän, kän, kän…

Otello bol, bol isleseň Don Žuan,
Garşylyk ýok, boluber sen isläniň.
Ýöne güplemäňem çeni ýagşydyr,
Başynda oturyp meýli käsäniň.

Hiç babatda çyn şahyra ölüm ýok,
Döşüne kakmandyr şandor Petefi.
Goşguçy bolmaklyk erbedem däl-de,
Ýöne ilki öwrenmeli ebedi.

• “Kelleli” goşgy

Meň kelläm meňzeş
Däneli ýere.
Sözem tapamok
Aýdyp-diýere.

Pikirler edil
Garasar ýaly.
Meniň beýnimem
Dary ýa şaly…

…Şonda-da ölmän
Ýörenme şükür.
Meni ýaşadýan
Belki şo pikir.
S.Öräýew. “Pikir hem men”

Harasat gopýar,
Kelläm okean,
Meň kelläm kitap,
Mydam okaýan.

Ýadyňa salýar
Mekge gulpagy.
Ýaňyja çykan
Çaga galpagy.

Pikirden ýaňa
Dynuw ýok, walla.
Düşünemok-la,
Bu niçik kelle?

Gije ýatuw ýok,
Ýatuw ýok gündiz.
Muň ýaly kelle
Duşmandym şindiz.

Hiç zat hakda men,
Etjek däl pikir.
Sapar Öre bar,
Şoňa-da şükür

• Ar alyş

Arak içirseler, menem sen ýaly,
üýtgeýändirin.
…Doganlar aragy dostuňyza däl,
duşmana beriň.
A.Haýydow. “Arak hakynda”.

Şu goşgyny okamdan soň,
Duşmanyma berdim arak.
Bir ýanynda goýdum palaw,
Bir ýanynda etli börek.

Serhoş edip taşlamdansoň,
Ýaşaýaryn çapak çalyp.
Garamaýan kimligine
Içirýärin arak alyp.

Boýun egmese, duşmanyňyz,
“Oýun ediň” arak bilen.
Maňa ynanyň doganlar,
Aýdýaryn ýürek bilen.

Maňa näme, goý, içmesin,
Şeýle bolar maňa degen.
Şu goşgyma at dakaýsaň,
Senem şeýle borsuň ýegen!..

• Ýürek gerek däl!

…Gerek bolsa çöreksizem oňjak biz,
Gerek bolsa ýüreksizem oňjak biz.
Emma welin sizsiz oňmaly bolsa,
Duran ýerimizde daş dek doňjak biz.
S.Öräýew. “Ýene-de gyzlar hakda”.

Çörekdenem gürrüň bormy,
Bize çörek gerek däl!
Ýürekdenem gürrüň bormy,
Bize ýürek gerek däl!

Altmyş ýyllap çörek iýmän bileris,
Ýöne sizsiz bir sekundam oňjak däl.
Öýkenli ýaşaýarys ýürege derek,
Ýöne sizsiz bir sekundam oňjak däl.

Howa-da gerek däl, suwam gerek däl,
Köýnegem gerek däl, çyplaň ýaşarys.
Nämämize derkar gyşda possunam,
Ýalazy meýdanda, garaz oňşarys.

Siz bolsaňyz, bize hiç zat gerek däl,
Näme ýylgyrýaňyz, ynanaňzokmy?
Bu gezegem gülýärsiňiz üstümden,
Şahyryň halyna gynanaňyzokmy?..

• Hem gülýän, hem aglaýan…

Ýatyşyma ýassyk goýup tirsegme,
Böküp turup gapa tarap ylgaýan.
Çäksiz guwanç birden dolýar gursagma,
Begenjimden hem gülýän, hem aglaýan…
S.Öräýew. “Dostlaryma”

Ylgaýaryn eger gapy kakylsa,
Dostum gelse, ha-ha-haýlap gülýärin.
Eger bir ötegçi gapymy kaksa,
Onuň dostum däldigini bilýärin.

Şonda-da men gaýgyramok hezzetim,
Tanyş-u-nätanyş dannap duramok.
Ho-ol arada biri kakdy gapymy
Sagat dördüň ýary, gije, görnenok.

Ony hormat bilen geçirip töre
Iýirip-içirdim, ötegçi eken.
Ertir irden turup görsek, baý-baý-ow,
Öýümiziň içi akan-da-dökan.

Heý, ýürek bu ahwalata çydarmy,
Ilk-ä içim tutup güldüm birsallem.
Soňam bir aglamak agladym welin,
Wah, niçeme günläp agyrdy kelläm.

Şonda-da men öňki kadam bozamok,
Tirsegim ýassykly göwün çaglaýan.
Hezil edip gülýän dostlarym gelse,
Begenjimden möňňüripler aglaýan.

Meni köşeşdirmek iş bolýar onsoň,
Aglaýaryn tükenýänçä gözýaşym.
Myhman gelse, ýagdaýym-a şeýleräk,
Ha gel senem, ha gelme sen, gardaşym!…

• Kempir gün

Oglankam-a pökgä meňzeýärdi Gün…
Jahyl günlem Gün gyzlara meňzeşdi…

Garran çagym näme meňzärkä Günüm,
Täsirsiz-ä etmez meniň deňimden.
Çakym eger meniň çak bolýan bolsa
Şonda kempir bolup çykar öňümden
Agageldi Allanazarow. “E-s.” 19/XII.86.

Her zatlary men göwnüme getirýän,
Gözüm illeňkiden üýtgeşik eken.
Daýym bolup çykýa ýegen diýenim,
Mähriban aýalym diýip dur “Çykan!”

Gara daglar meňzeş çök düşen düýä.
Akyp ýatan derýa meňzeş gulana
Meniň gözüm meni aldaýan däldir,
Hany şuny çykaryň-da ýalana.

Ynhalykga, Güni alyp göreli.
Meň gözüme görä ol üýtgeşikdir.
Anha, gülden-güle gonup, uçýan zat
Meniňçe, ähtimal, maýa köşekdir.

Şu goşgym gözüme görünýär yssy,
Şonuň üçin bermen ony romana.
…Anha Gündogardan kempir Gün dogdy,
Onuň indi gyz boljagy gümana.

• Ýalbarýan, walla!

Men senden haýyş edýän
Aýal bol!
Bihaýa nalyş edýän
Haýa bol!
Haýyş edýän üşüdýän
Bol aýal!
…Meniň gara güýjümden
Uýal!
Bapba Gökleñow. “Ýaşkom” 25.05.87.

Çilim diýsem çilim, çaý diýsem çaý ber,
Üstüňe gygyrsam, bolmalysyň ker.
Şu zatlara kaýyl bolmasaň eger,
Meniň gaharymy getirsiň heleý.

Ýok, ýok ýalgan diýdim, günämi geç sen,
Muny saňa diýdim, walla, içimden.
Işden gelip, gapymyzy açamdan,
Bilmen, gör niräge ýiter sen, heleý.

Öň gorkuzdym, indi ýalbarýan, walla,
Düşünişmek seniň bilen hyllalla.
Aýtsana, kimden gözläýin dalda,
Men bendäge rehmiň getir sen, heleý.

Ganryşyňa gaýtman dagy-duwara,
Haýyş, öýde otur, bolma awara.
Unaş bişirip ber bitje zuwala,
Mendirin-dä, deň bolup otyrsyň, heleý?

• Ogluma hat

Oglum, saňa hat barýarmyş gyzlardan,
Gyzlaň bolşy şeýleräk-de mydama.
Görmegeýräk ýigide hat ýazýarlar,
Asyl olar ýazaýmazlar ataňa…
Tagan Söhbedow. “Ogluma ýazylan hatlardan”.

Bu gyzlarmy?! Al kakmyşlar, heý goýaý!
Gaty kän hat alandyryn ozallar.
Şolar başda meni şahyr edenem,
Gijelerne, baý, ýazyldy gazallar!

Eşitdirme muny birden ejeňe
Eşidäýse gaty geler gahary.
Öýkesini ýazmak gaty kyn bolar,
Onsoň nirden iýip-içjek nahary?!

Käte oglanlygmy ýadyma salyp,
Gyzlaň hat ýazarna garaşyp ýörün.
Wah, hat ýazsa olaň biri, jan ogul,
Ynan, ýüregimiň törüni biýrin.

Ak girse-de aň girmändir öýtme,
Owalbaşdan adamda nä göwün bar?
Şindem gyzlar hat ýazsa geň görjek däl,
Diýmäwer sen: “Atam ene öwünýär”.

• Ejizlik. Mertlik. Gözsüz batyrlyk

Uruş ýyllarydy. Orak döwrüdi,
Aýyň ýagtysyna bogýardyk desse…
B.Hudaýnazarow. “Ejizlik”

Uruş ýyllarydy. Orýardyk jöwen,
Biz jöwen orýardyk gündiz hem gije…
A.Haýydow. “Mertlik”. 1987 ý.

Uruş ýyllarydy. Orýardyk orak.
Aý aýdyň gijeler hezildi örän.
Aramyzda Berdi atly bir oglan,
Diýdirýärdi misli iş üçin dörän.

Ine, şol aý aýdyň gijeleň biri,
Paýymyzy dolup, dolandyk yza.
Görsek, Berdi ýatyp galan ekeni,
Etmedik biz şonda ony bimaza.

Arpadan bogulan çygly dessäni
Kellesiniň aşagynda goýupdyr.
Ol neresse turar ýerde turmansoň,
Birimiz oň ölenini duýupdyr.

Biz Berdini yraladyk çalaja,
Ses-seda bolmady ol neresseden.
Oň endamy biçak sowap gidipdir,
Başyny galdyrdyk, çygly desseden.

Bir şahyryň şygryndaky Şahymy,
Sapara çalyşmak gerekmi beri?!
Soň Sapary Berdä çalşan şahyra
Näme diýip, näme aýtjak ýeri?!

• Essalawmaleýkim…

Essalawmaleýkim, şatja serçejik,
Daň bilen jürküldän senmidiň asyl?
Awuňy aldyňmy, ahwalyň niçik?
Ýene-de jürkülde, saýra bir pasyl.
A. Haýydow. “Tebigatyň goragynda”[/b]

Kim bolupsyň salamyny almazça,
Mährem şahyr Allaberdi Haýydyň.
Säher bilen ynjydan-a däldir-dä,
Şeýle bolsa onuň sebäbin äýdyň!

Gompuja serçeler, sag-amanlykmy?
Ýagdaýlary niçik goňşy-golamyň.
Sähel zady göwnüňize almaň-a,
Menem şeýdip hakyn alýan galamyň.

• Gorkajyk

[i]Adamlaryň bilegi
GORKULY hem arzyly.
D.Gurbanow. “Maşyn sürýän adamlar”

Adam!
GORKÝAN senden ýolbarsdan beter.
D.Gurbanow, “Möjek”

Kärizgeniň käri ýaly,
Şahyr bolmak gorkuly.
D.Gurbanow, “Şahyr we kärizgen”

Eşekdenem gorkamok,
Köşekdenem gorkamok,
Sataşaýsam adama
Öz-özüme erkim ýok.

Gorkamok gurbakgadan,
Hüwi, alahekgeden.
Tilki, şagal, möjejik,
Alahöwren – pekgeden.

Adam hakda ýazmanam,
Goşgy-gazal düzmenem.
Çünki olar gorkuzýar.
Şolardan bez-bez menem.

Möý – içýandan gorkamok,
Kör syçandan gorkmanam.
Gorkup ýörün adamdan
Sözüm-söz, erkek menem.

• Gerekmes

Bolsam bolaýyn toýda,
Sensiz guran sanaç men.
Asyl sümme tokaýdy,
Misli guran agaç men.

Öňde – soňda ölmeli,
Ýöne ölme menden öň.
Seni gorap ölümden
Men öleýin senden öň.
Sapar Öräýew, “Sen bolmasaň ýanymda”.

Maňa dünýe gerekmes,
Sen bolmasaň ýanymda.
Sensiz boýun alaýyn:
Däl men adam sanynda.

Goşgym goşga meňzemez,
Möwjäp joşgun dyňzamaz.
Gözüm hiç zat aňlamaz,
Sen bolmasaň ýanymda.

Ýörän ýaly dumanda,
Ýaşajagym gümanda.
Söz gutarýar zybanda,
Sen bolmasaň ýanymda.

Üýtgetjek-de kärimi
Ýuwjakdyryn kiriňi,
Ýöne sakla syrymy,
Sen bolsaň bor ýanymda.

Tamdyrda nan ýaparyn,
Çaý-naharyň ataryn.
Ynan sözne Saparyň,
Sen bolsaň bor ýanymda.

• Dostluk degişmesi

– Menem saňa dost,
Hany ber eli.
Tanyş şahyryň
Men – Gurban Çöli.
“Başarjaň oglan”.

Her bir şäheri
Uly şöhrat-şan.
Guwan ýurduňa
Çöliýew Gurban.
“Ýurdumyz”.

Äkit, seniňki
Bagymyň güli.
Gül paýlap ýören: —
Men Gurban Çöli!
“Meniň kärim”.

Niçik ýagdaýlar
Hany ber güri!
Ýüzlenýär saňa
Allaýar Çüri.

Kitaplaryňa,
Setirňe guwan.
Çagalar şahyry
Çöliýew Gurban.

Öýmüziň bezegi
Paýlan gülleriň.
Guwanýar adyňa
Ulus-illeriň.

Bagban hökmünde
Tanatdyň özüň.
Daýhan hökmünde-de
Halatdyň özüň.

Şahyrlyk babatda
Kesbiňe guwan.
Eý, eziz dostumyz
Çöliýew Gurban.

• EÝ, DURMUŞ…

Eý, durmuş sen meni ýaranjaň edip
ýaratmanyň üçin taňryýalkasyn!
Göwnümde müňkürlik, kalbymda kine
döretmäniň üçin taňryýalkasyn!

…Hile-mekirligi hemem galplygy
öwretmäniň üçin taňryýalkasyn…
Atamyrat Atabaýew, «Hoşallyk“,
“Edebiýat we sungat“ gazeti, 05.10.2018.

Il içinde owalyňy göteren
Eziz dostum, ýokdur diýip çaklaýan.
Ýöne näme üçin halal halyňa,
«Halaldyryn“ diýip, özüň aklaýaň?

Men anyk bilýärin, ýaranjaň däl sen,
Gorky-ürküdenem ýokdur hederiň.
Il içine Görogly deý çykmaga,
Muny saňa miras goýmuş pederiň.

Köşeş Atamyrat, bu bir iş wagty,
Diýbersinler, daş sen öýke-kineden.
Näm işlesin seň göwnüňde mekirlik?
Kalbyň akdyr, arassadyr pileden!

Diýseler-de „Goşgulary manydaş“,
Hiç kim saňa aýdyp bilmez „körzehin“.
Ot gorsaýar seň daşyňda kümsükler,
Abraýyňa zeper edip görnetin.

Ýokmaz saňa ýaranjaňlyk sürtseň-de,
Ýok, ýok, ýalgan diýdim, mundan daşda men.
Etegiňde namaz okabermeli
diýip bilmen, saňa belet ýaşda men.

Heý-de, atyp bormy seniň boýnuňa,
Mekirligiň hem galplygyň halkasyn.
Ýöne ýetmişiňde özüňi açyp,
Ýazan goşgyň üçin taňryýalkasyn!

• Boş bolgaý

«…Şahyr şygyr döreden pursatynda…
onuň ýürek urgusyny, gan basyşyny
ölçäp görseň, ol howply çäklere ýetýän bolmaly…»
Orazguly Annaýew, «Garagum» žurnaly, № 2, 2015. sah. 140.

Şahyr goşgy ýazýar ümsüm otagda,
Jykgyldysy eşidilýär sagadyň.
Ýazýar, pozýar, ýazýar ýene-de pozýar,
Pozýany ýok şahyryň sabyr-takadyn.

Ýürek urgusy-da normal ýagdaýda,
Normal ýagdaý damarda gan basyşy,
Şahyryň ömrüne howp salýan zat ýok.
Bolup dur formasy, rifma ýasaýşy.

Şahyr rahatlygyn ýitirdi birden,
Ýada düşüp Orazguly aýdany.
Üýtgedi gan basyş, üýtgedi urgy,
Tutanmyş burgy…

Birden-ä gyzdyrýar, birden üşedýär,
Ullakan howp aljyradýar şahyry.
Aýaly ýalbarýar, gyzy aglaýar;
«Goýaý indi – diýip – şahyrlyk käri».
Şahyr bilip goşgy ýazmak tärini,
Barybir ol dowam edýär kärini.
Orazguly öz-özünden hoş bolgaý,
Ýazan zatlarynyň bary boş bolgaý.

Maňa-ha bir zatlar bolýar şu günler,
Okap Orazgulyň goşgularyny.
Öz-özümden howul alýan, samraýan,
Okajak däl indi başgalaryny…

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle