Başlygyñ sekretary
Başlygyñ sekretary
(Kinaýa)
— Ýerindemi ol — diýip,
Soraýsañyz birini,
Jabjynar-da uçurar
Keýpiñiziñ baryny.
Bilmen, ýa eltmelimi
Oña añry-bäriñi
Kejiñ barypýatany
Başlygyñ sekretary.
Bilmedim, bu wezipä
Niçik-neneñ geçipdir,
Belki görüp başlygyñ
Akyl-huşy gaçypdyr…
Baksañ özüñ utanýañ,
Göwüsleri açykdyr,
Geýmez gyrmyz keteni
Başlygyñ sekretary.
Piñine-de däl onuñ
Gatyrgan ýa öwüt ber.
Kä gurşap dur daşyny
Murtly, daýaw ýigitler
Käte gaşyn bejerer,
Käte çigit çigitlär,
Şoldur bilen-biteni,
Başlygyñ sekretary.
Kän garaşyp bir goja:
— Alla, kömek et! — diýdi.
Daýza tutup ýakasyn:
— Toba, neneñ bet! — diýdi.
Özi türkmen bolsa-da,
«Ýok» ýerine «Net» diýdi,
Äsgermez ýüz tutany
Başlygyñ sekretary.
Görkezmedim iş ýerin,
Tanarsyñyz barsañyz,
Dyzyñyza suw iner,
«Mümkinmi?» diýip dursañyz.
Ýeri, ýokmy diýsene
Pes pälli bir gül meñiz?
Kimiñ ilen-çatany
Başlygyñ sekretary?
Şükür GURBANOW. Goşgular