| |

Palindrom sözler (Belki, şahyrlara peýdasy deger)

Palindrom sözler (Belki, şahyrlara peýdasy deger) PALINDROM SÖZLER
(Belki, şahyrlara peýdasy deger)

Palindrom – adalgasy, gadymy grekçe πάλιν — “yza, gaýtadan” we ρóμος — “ylgaw, hereket” diýen sözlerden gelip çykyp, sagdan çepe we çepden saga birmeňzeş okalýan sanlary, sözleri we söz düzümlerini aňladýar. Mysal üçin, türkmen dilindäki palindrom sözler:
Atam – mata;
Adak (aýak) – kada;
Aman – nama;
Azy – yza:
Çep – peç;
Çig – giç;
Çog – goç;
Amat – tama;
Işik – kişi;
Ýat – taý;
Gaý – ýag;
Han – nah;
Hyrat – taryh;
Ynam – many;
Kekre – erkek;
Kelem – melek;
Aýaz – zaýa;
Kelte – etlek;
Namaz – zaman;
Laňňa – aňňal;
Ýap – paý;
Ýal – laý;
Saý – ýas;
Şaý – ýaş;
Küý – ýük;
Ter – ret;
Gaz – zag;
Kelle – ellek;
Arap – para;
Yrak – kary;
Men – nem;
Mes – sem;
Mal – lam;
Eşen – neşe;
Pal – lap;
Pile – elip;
Ýet – teý;
Ýok – koý (goýun);
Alaç – çala;
Çag – gaç;
Haw-haw – wah-wah;
Hun – Nuh;
Hyş – şyh; (Hyş — kowum-garyndaş).
Alawuz – zuwala;
Pyýaz – zaýyp; (Pyýaz -sogan, zaýyp ýa-da zagyp — güýçsüz, ysgynsyz, ejiz, hor).
Tyg – gyt;
Kel – lek;
Agaç – çaga…

Türkmen dilinde başga haýsy palindrom sözler ýadyňyza düşýär?

Hem-de diňe palindrom sözleri ulanyp, goşgy düzmek mümkinmi?

GOŞUNDYLAR:

@Nurdan agzaň goşundysy:
Şa – aş;
Sep – pes;
Çäç – çäç…

@Aksary agzaň goşundysy:
Ýeg – geý…

@hoşowaz agzaň goşundysy:
Haly – ylah…

@Mähriban agzaň goşundysy:
Taba – abat;
Mat – tam;
Sag – gas;
Ýan – naý;
Ýar – raý;
Tagam – magat;
Eleme – emele;
Paç – çap;
Agras – sarga;
Eriş – şire;
Rum – mur;
Amal – lama;
Saç – ças;
Tug – gut;
Sim – mis;
Hoş – şoh;
Sat – tas;
Taz – zat;
Elbet – teble…

@Revo agzaň goşundysy:
Abaý – ýaba;
Açmaz – zamça;
Agtyk – kytga;
Raz – zar;
Rus – sur;
Ram – mar;
Ragna – angar;
Ras – sar;
Taban – nabat;
Tebit – tibet;
Teh – het;
Tel – let;
Tes – set;
Kelep – pelek;
Kapas – sapak;
Ket – tek;
Kod – dok…

@myhman agzaň goşundysy:
Çek – keç;
Hol – loh;
Mele – elem (elem — dert)
San – nas… Türkmen dili

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle