| | |

Dünýäniñ iñ uly patyşasy we tagtabiti / satiriki hekaýa

Dünýäniñ iñ uly patyşasy we tagtabiti / satiriki hekaýa DÜNÝÄNIÑ IÑ ULY PATYŞASY WE TAGTABITI

Dünýäniñ iñ uly patyşasy we tagtabiti / satiriki hekaýa

Bir bar eken, bir ýok eken… Kimsinde az bolan, kimsinde ýok eken. Garny dokuñ gözi aç, gözi ajyñ garny dok eken. Uran uranyñky, gyran gyranyñky, kelle keseniñki bolan bir ýerde we ynsapdan nam-nyşan bolmadyk bir wagtda bir ýurt bar eken. Bu ýurduñ ýaşaýjylary ýylda bir gezek terezä münüp agramyny çekdiripdir, kim agyr bolsa, şolam ýurduñ şa tagtyna oturypdyr. Şonuñ üçinem ol ýerde ýaşaýanlar patyşa bolmak üçin semrejek bolup durman iýip-içip ýörüpdir. Ýurtda jyrryk, arryk, gan-ýiligi gurap giden bir adam bar eken. Olam iller ýaly gije-gündiz:
– Wah, patyşa bolaýsam… Wah, patyşa bolaýsam… — diýip ýörenmiş.
Diýmesine diýipdir pahyr, ýöne, ne gözünde ýaşy, ne çanagynda aşy barmyş. Bende näme iýip-içip semresin?..
Bir gije külbesinde ýatyrka hart-hart gaşanmaga başlapdyr. Hem-ä süýji-süýji gaşanypdyr, hem bir ýandan ajy-ajy pikire çümüpdir:
– Ah, nädip patyşa bolsamka, nädemde patyşa bolarkam…
Şol iki arada-da süñküne ýelmeşip giden hamyny nämedir bir zat dişläpdir. Arryk elini arkasyna aýlap, budunyñ arasyna seretse-de hiç zada gözi düşmändir. Elinden başga zat gelmänsoñ, boýdan başa gaşanypdyr, dynmanam:
— Patyşa bolaýsam, patyşa bolaýsam… — diýipdir. Ol şeý diýip hümürdäp durka, gulagyna wyzzylda meñzeş ses gelipdir. Arryk gulagyny ýapyryp diñşirgenipdir. Wyzzyldy şeýle diýýärmiş:
– Bul adamyñ gany-da ýok, jany-da…
Ol daña çenli:
– Ah, patyşa bolaýsam… — diýip gaşandygyça, wyzzyldam:
– Munda ne gan, ne jan bar… — diýipdir.
Arryk:
– Kimaý bu?.. — diýip garañka gygyrypdyr.
Garañkydan:
– Men-dä, men!.. Tagtabiti! — diýip, ses çykypdyr.
– Nirde sen?
– Iki pilçe süñküñ ortasında.
– Bärräk gelsene, ýüzüñi bir göreýin…
Tagtabiti adamyñ arkasyndan aýlanyp, dyzynyñ üstüne gelipdir. Açlykdan ölere gelen tagtabitini alyp, iki barmagyñ arasynda gyssañ, iññäñ ujy ýaly gany çykjaga meñzemändir. Arryk:
– Näme diýip dursuñ-ow?.. diýipdir.
Tagtabitem oña:
– Bir gijeläp endamyñda aýlandym, sorar ýaly ýeke damja gan tapmadym. Özüñ näme diýip dursuñ?.. — diýipdir.
Arryk tagtabitini iki barmagynyñ arasyna alyp, mynjyratjak bolup durka, tagtabiti:
– Beýtme meni, men seniñ patyşa bolmagyña kömek edeýin… — diýipdir.
– Özüñ-ä bir tagtabiti, meñ patyşa bolmagyma näme kömek edip biljekmişiñ?
– Sen meni sakla, menem seni saklaýyn. Ikimizem semräris. Sen semränsoñ patyşa bolarsyñ, menem señ arkañdan ýaşabererin.
– Meni seni nädip saklamalymyşym?
– Seniñ duşmanyñ dagy ýokmy? Meniñ duşmanlañ ýanyna äkit-de, goýber aralaryna. Men olañ ganyny soraýyn. Şeýle bir soraryn welin, haýranyñ hekgerer. Sorup-sorup ganlaryny gotura derman edeýin. Senem olaryñ elinde-ujunda nämesi bar bolsa, urarsyñ jantaýyña.
Tagtabitiñ aýdýan sözleri göwnüne jaý bolsa-da, oýlanyp-oýlanyp ýeke duşmanyñ adyny berip bilmändir. Sebäbi, onuñ duşmany bolmasa näme… Arryk tagtabitä:
– Meniñ duşmanym ýok ahyry — diýipdir.
Tagtabitem oña:
– O nähili beýle bolýar? — diýipdir. Ýer ýüzünde ýaşaýan külli janly-jandaryñ duşmany bar. Seniñem duşmanyñ bardyr, özüñ bilýän dälsiñ. Hany, bir otur-da oýlan bakaly…
Arryk oýlanmaga başlapdyr:
– Eýse duşmanym kim? Şumy, bumy, olmy, ýa-da başgasymy?
Tagtabiti:
– Belki-de bu sanaýanlaryñ hemmesi seniñ hakyky duşmanlaryñdyr, señ habaryñ bolman biler. Iñ gorkunç duşman — saña güler ýüz berýän mekir duşmandyr… — diýipdir.
Arryk:
– Dogry aýdýañ — diýipdir-de, tagtabiti alyp, goñşusynyñ öýüniñ penjiresinden içeri zyñypdyr. Özü-de çuwallaryñ arasyna girip uklapdyr.
Ertesi agşam ýene:
– Ah, patyşa bolaýsam… Ah, patyşa bolaýsam… — diýip durka, ýene ses eşdipdir, ýöne ses düýnküden biraz ýognas sesmiş.
Bir seretse, baýaky tagtabiti. Emma öñküsinden daýawlanan tagtabiti:
– Seret, bir gijede pisse ýalja boldum, meni äkit-de, düýnki ýere okla, duşmanyñ ganyny soraýyn… — diýipdir.
Arryk tagtabitini alyp ýene goñşusynyñ öýüne oklapdyr.
Ertesi agşam ýerhozynyñ ululygyna deñleşen tagtabiti togalanyp-togalanyp gelipdir:
– Seret, gördüñmi, niçiksi boldum — diýipdir. — Sen maña duşmanlaryñ ganyny sordur, mundanam uly borun.
Arryk:
– Sen-ä semräp barýañ welin, maña hiç zat bolanok — diýipdir.
– Gyssanma, kän wagt geçmänkä şeýle bir semrärsiñ welin, ahyrynda seni patyşa saýlamaga mejbur bolarlar.
Adam her gije tagtabitini goñşusynyñ öýüne goýberipdir, ertesi gije tagtabiti dolanyp gelipdir. Her gelende-de öñküsinden biraz semräp gelipdir. Daýawlanyp-daýawlanyp, soñabaka hoz ýaly, alma ýaly, syçan ýaly bolupdyr.
Syçan ýaly bolansoñ, goñşusy bu tagtabitiniñ derdinden ýaña öýünde arkaýyn ýatyp-turup bilmändir, çaga-çugasyny alyp başga ýere göçüpdir. Arrygam goñşusyndan galan öýe göçüp barypdyr we onuñ howlusyndaky ir-iýmişleri, ekinindäki gök önümleri iýip başlapdyr. Şeýde-şeýde arryk adam azajyk özüni tutupdyr.
Ýöne tagtabiti:
– Meniñ garnym aç, maña sorar ýaly gan tap!.. — diýipdir.
Arryk "Eýsem meniñ duşmanym kimkä?" diýip oýurganyp duranmyş.
– Düýn irden pylany ýagdaýyñy soramady, şol señ duşmanyñ bolaýmasyn?
– Hakykatdanam meniñ duşmanym pylankesmikä? Hawa, ylaýyk şol! Çünki ol maña hiç salam berenok.
– Belki-de duşmanym, ine, şudur. Heý, häzire çenli maña kömek eden ýeri boldumy?
Ol tagtabitini alyp her gije bir "duşmanyñ" öýüne goýberipdir.
Tagtabitem "duşmanlaryñ" ganyny sora-sora pişik ýaly bolupdyr, hatda towşan bilen deñleşipdir. Ol bir öýüñ gapysyndan girdimi, bes, kim bolsa kekirtlewügine ýapyşyp, ganyny sorup öldüripdir.
Tagtabitiñ eýesem ölen adamyñ öýüne, mal-mülküne eýe bolupdyr. Eýe bolan zatlarynyñ hasabyna iýip-içipdir, semräpdir. Ýöne tagtabitem hiç durarly dälmiş. Zol:
– Maña duşmanyñy görkezsene, ganyny sorup alaýyn. Meniñ garnym aç!.. — diýip duranmyş.
Tagtabiti adamçy buldog ite dönüpdir. Kimi görse hyñranyp, üstüne topulypdyr. Eýesine gezek gelende bolsa, wepaly it ýalymyş, hiç haçan hojaýynynyñ sözünden çykmandyr. Arryk soñabaka tagtabitini ýüp bilen duşap goýupdyr. Her gezegem tagtabiti ýüpünden boşapdyr. Zynjyra baglap goýsa, zynjyrynam üzüm-üzüm edipdir. Gan sorup, garny doýan wagtam ýatyp dynjyny alypdyr, ajygyp başlasa-da bir ýerde durmandyr, zol gygyryp duranmyş:
– Ajygýan, maña duşman tap, ganyny sorasym gelýär…
Arryk biriniñ gyzyna sawçylyga gitse, onam bermeseler, gyzly ýeri özüne duşman saýyp, şobada üstüne tagtabitini küşgüripdir. Biri säwlik bilen aýagyny basaýsa:
– Waý, sen meniñ duşmanym!.. — diýip, ony tagtabitä iýdirer eken.
Tagtabiti öküz ýaly bolupdyr. Arrygam semräbilşine semräpdir. Ahyrsoñy patyşa saýlamak üçin agramyñy çekdirme wagtam gelip ýetipdir. Adam şeýle bir agralan eken welin, agramy çekilende terezi jorta ikä bölünäýipdir.
Mähelle:
– Häzire çenli biziñ başymyza bular ýaly uly patyşa gelmändi. Taryhymyzyñ iñ uly patyşasy…. Ýaşasyn uly patyşa!.. — diýip, alkyşlar içinde täze patyşany köşge göterip äkidipdirler. Yşnaksyz tagtabitem patyşanyñ gapdaljygynda, tagtyñ ýanynda oturypdyr. Garañky gatlyşan badyna-da gorsanmaga, gygyrmaga başlapdyr:
– Garnym aç… Sorar ýaly gan bolaýsa!..
Patyşa baş wezirini çagyryp:
– Şalygymyzda maña duşmançylyk edýän kim bar bolsa, çalt tapyp getir! — diýipdir.
Baş wezir:
– Goýaweri, şahy-älem — diýipdir. — Ýurtda hiç kim saña duşman däl. Siz zorluk ulanyp patyşa bolañzok ahwetin… Siziñ agramyñyzy halk çekdi. Hemmelerden agyr bolanyñyz üçinem patyşa bolduñyz. Siziñ duşmanyñyz ýok, bolubam bilmez!
Patyşa:
– Boljak zat däl! — diýip gygyrypdyr. — Heý, men patyşa bolarynam, meñ duşmanym bolmazmy? Çalt boluñ, maña duşmanlarymy tapyp getiriñ!
Baş wezir añk bolup galsa-da, etjek alajy ýok. Patyşanyñ permany… Ol ähli wezir-wekillere, wezir-wekillerem öz garamagyndakylara buýruk beripdir:
– Nirede patyşamyzyñ duşmany bar bolsa, tutup getiriñ!
Duşman gözlenşik başlapdyr… Emma duşman ýok. Baş wezir öz kellesiniñ giderinden gorkýandygy üçin:
– Kim saga seretse, patyşamyzyñ duşmanydyr! — diýipdir.
Buýrukdan habary bolman saga seredenleri patyşanyñ duşmany diýip getiripdirler. Tagtabiti bulary bir demde iýipdir. Näçe iýse-de doýmandyr:
– Men gan isleýän, gan! Ajygýan…
Ol başyny diwara uranda köşgüñ sütünleri sarsyp gidipdir. Baş wezir:
– Kim çepe seretse patyşamyzyñ duşmanydyr… — diýipdir.
Hiç kimse saga-sola seretmez ýaly bolupdyr. Ýalñyşyp seredenleri-de şobada düýrläp getiripdirler. Pil bilen deñleşen tagtabiti görgülileriñ üstüne böküp, ganlaryny sorupdyr we öñküdenem beter çişipdir. Ol:
– Ajygýan!.. — diýip gygyrdygyça ýer-gök sarsypdyr.
Tagtabitä duşman tapjak bolup, öñe seredenleriñ, yza seredenleriñ, aşak bakanlaryñ, ýokaryk bakanlaryñ barsy duşman yglan edilipdir. Mundan beýläk ýurduñ ýaşaýjylary patyşanyñ duşmanydyr öýdülip janlaryndan jyda düşmejek bolup, gözlerini ýumup, hiç zada seretmän gezipdir. Emma patyşa:
– Maña duşman lazym. Bejit, duşman tapyñ!.. — diýip arlapdyr.
Arlamaz ýalymy? Gan sora-sora köşke sygmaz ýaly derejede ulalan tagtabiti şeýle bir hyýrsyzlaşypdyr welin, patyşanyñ öz ýüzüne:
– Ýa-ha maña sorar ýaly gan taparsyñ, ýa-da men seniñ ganyñy soraryn! — diýip başlapdyr.
Patyşa oña duşman tapyp bermese-hä, janyndan göni el üzäýmeli. Patyşanyñ duşmany bolmajak bolup il-gün öýünden çykman oturypdyr. Näme etsinler dagy?
Ýurtda "Duşman gözläp-tapma" gullugy döredilipdir. Tagtabitä her gün öñküsinden has köp duşman gerek bolansoñ, gullugam gün geçdigiçe gerimini giñeldipdir, ulalypdyr. Herkes öz janyny gorajak bolup, kimem bolsa biriniñ üstünden:
– Şul adam patyşamyzyñ duşmany! — diýip, habar bermäge başlapdyr.
Näme etselerem, tagtabitiñ garny doýmandyr. Nädip doýsun? Ol gan sordugyça çişip, çişdigiçe-de ajygýan eken.
Öýünden çykman bukulyp ýatan adamlary zor bilen daşary çykaryp:
– Şu gün hepdäniñ näçinji güni? — diýip sorag beripdirler.
Şol gün çarşenbe bolsa:
– Şu gün çarşenbe… — diýenleri patyşanyñ duşmany diýip, şobada güpbasdy edipdirler we tagtabitiñ öñüne zyñypdyrlar.
Şonuñ üçinem hemmeler çarşenbä penşenbe diýmäge başlapdyr. Ýöne bulam az bolupdyr.
Tagtabitiñ aýagy ýerde bolsa, arkasy buluda ýetipdir. Şoderejede ulalypdyr. Ol patyşanyñ ýüzüne hyñranyp:
– Bol, maña duşman gany tapsana, ajygýan! Ýogsam señ özüñi ýuwdar goýbärin! — diýýärmiş.
Patyşa tagtabitiden gorkusyna töweregindäki herkesi duşman saýmaga başlapdyr. Köşkde kim bar bolsa:
– Siz meniñ duşmanym!.. — diýip gygyrypdyr, olary tagtabitiñ tamdyryñ agzy ýaly giñ we alawlap duran agzyna atypdyr.
Wezir-wekilleriniñ, iñ ýakyn adamlarynyñ barsyny, ahyrynda "Duşman gözläp-tapma" gullugyny-da tagtabite şam edipdir. Tagtabiti şeýle bir ulalypdyr welin, ers-mers bolup giden mähnet göwresiniñ labyryny ýurduñ üstüne atypdyr. Ol äñini hatap ýaly açyp, ýylanyñ dili ýaly dilini ikiýana aýlap:
– Ajygýan!.. Maña sorar ýaly gan tap! — diýipdir. Patyşa sagyna-çepine, öñüne-yzyna göz aýlapdyr, görse özünden başga adam ýok. Gaçmaga başlapdyr. Ýöne gaçyp nirä gitjek, nirä çenli gaçjak? Epeý patyşa tagtabitiñ ýanynda büreçe-de ýokmuş. Tagtabiti patyşany barmagynyñ ujundaky agajyñ şahasy ýaly uzynlykdaky ýeke gylyna dolap alypdyr.
– Maña duşmanyñy görkez, men onuñ ganyny soraýyn. Ajygýan!.. — diýip, agzyndan ot sowrupdyr.
Patyşa tagtabitiñ öñünde ýer bagyrtlap aglap-eñrese-de, peýda etmändir.
– Maña duşmanyñy görkez, ganyny soraýyn.
Patyşanyñ sag eliniñ süýem barmagy öz döşüne uzalypdyr.
Tagtabiti "Hü-üp-pp" edägetdin, dünýäniñ iñ uly patyşasyny demine çekip goýberipdir.

Eziz NESIN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle