| |

Erkek kişiniñ sözi / ýumoreska

Erkek kişiniñ sözi / ýumoreska ERKEK KIŞINIÑ SÖZI

Men söýgülime çynlakaý söz berdim:
— Toý edemizsoñ göwnüñ küýsän zady señki bolar!
Ol çaga ýaly begendi:
— Hatda possunam äberermiñ?!
— Gürrüñi näme…
Wagt geçdi. Söýgimiz ýetjek derejesine ýetdi. Biz toý tutduk. Är-aýal bolduk.
Gelnim maña bir wagtky wadamy ýatlatdy:
— Possun alyp berermiñ?!
— Hökman.
Aýy-güni dolup, oglumyz boldy. Ol bir ýaşyna ýetip-ýetmänkä, ýöräp ugrady. Är-aýal begenişdik. Şonda aýalym ýene possunly gürrüñi gozgady:
— Ýyljak possun bolaýsa!..
— Bor.
Ol guş kimin uçaýjak boldy…
Oguljygymyz ýedi ýaşady… Okuwa gitdi. Ilkinji bäşligini güjeñledi. Begendik. Guwandyk. Şonda aýalym uludan dem aldy:
— Sen possunly wadañy unudaýdyñ öýdýän?!
— Ýok-la, ýadymda.
— Ýadyñda bolsa bolýa! — Ol öñküsi ýaly begendi…
Oglumyz orta mekdebi gutaryp, instituta okuwa girdi. Biziñ kalbymyz ýene şatlyk gurşady. Bagtly tolgunşygyñ arasynda keýwanym ýene-de possunly gürrüñi gozgady.
— Ynha, getiräýerin! — diýdim.
Keýwanym ýaşyna bap gelmeýän näzli ýylgyryş bilen gözlerime garady…
Oglumyz instituty gutardy. Saýlap-seçen gözeline öýlendi. Ýyl aşyp-aşmanka-da, ogul agtyjagymyz boldy. Begenjimizden dylym-dylym edişdik. Birdenem, keýwanym ýene köne heñine tutdy:
— Possun?!
— Bor-la, howlukmasana!
Ol uludan dem aldy.
Men şol minudyñ özünde pensiýa pulumy jübime saldym-da, gapdalymyzdaky magazine bardym. Possun satyn alyp, öýe getirdim.
— Görseñ, erkek kişiniñ sözi birdir! «Alaryn» diýdim, aldymam.
Keýwanym kütelşen gözlerini güldürmesine güldürdi, ýöne sesini çykarmady. Possuny aldy-da, agtyjagymyza şüle bişirýän gelnimiziñ ýanyna mytdyldap bardy:
— Gelin jan, gaýyn atañ saña, gör, nähili owadan possun alypdyr. Gutly bolsun!..
Bir elinde agtyjagymyzy, bir elinde-de ýañyja getiren possunymy tutup duran gelnimiz edil çagajyk ýaly begendi.

Allaguly ÝUSUBOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle