| |

Köpbilmişiñ başyna / intermediýa

Köpbilmişiñ başyna / intermediýa KÖPBILMIŞIÑ BAŞYNA

— Wa-ýeý kakasy, ýüzüñ-gözüñ nähili? Ýedi ýuwlan ak esgä dönüpdir-le? Ýa gorkup dagy etdiñmi?
— Gorkan bolsam gowy bolardy-la.
— A, onda näme boldy?
— Gygyrdylar. Gök garga ýaly gagyldap gargadylar.
— Kim ol päli azan?
— Ho-ol obañ ilersindäki Amaşyñ aýaly.
— O heleýiñ seniñ bilen näme işi barmyş? Paýlaşybilmeýän zady näme? Ýa-da suw diýenini eltmediñmi? Näme beýle jany çykyp barýarmyka, eltiler-dä, artyp…
— Wah, eltdim-le…
— Onda näme? Wiý, indi bildim: O heleý kireýjiginj bermejek bolup kişñändir. Bir köpük üçin her hili şermendelikden gaýtjak heleý däl-ä, aýdyşan.
— Kireýden geçen-le, kireýi başyny iýmiş. «Dünýäñ zadyny harama çykardyñ» diýip gygyrdy.
— Harama çykar ýaly näme zatmyş ol beýle?
— Halys aldyñ-aý, sorag baryny berip. Uny, how uny.
— Näme, uny?
— Hawa haw, hawa. Uny.
— Nähili uny?
— Un bolanda, un bolar-da. Dükanlarda, awtolawkalarda satylýan un, çörek bişirilýän un, pişme bişirilýän un, börek bişirilýän un, unaş edilýän un. Düşündiñmi indi nähili undygyna? Pekgeligiñem halys gözüni çykaraýýañ-aý…
— Ýok düşünemok. Hany düşnükliräk aýt ýa-da sen oña çörek bişirip berjek bolup unyñy zaýaladyñmy?
— Sen, heleý, agzyñy ugruna goýberiberme. Näme diýýäniñi bilýäñmi? Men indi oña çörek…
— Onda düşnükliräk aýt-da. Ýöne mus, mus diýdiñ durduñ.
— Gürlemäge maý bermeseñ näme. Ol gün suw diýensoñ, öten agşam giçlik şony eltdim. Ýatansoñlar turzup durmaýyn-la diýdim-de, maşynyñ suwuny hemişeki boşadýan gabyma döküp gaýtdym.
— Oñarypsyñ-da. Indiki nämemiş olañ…
— Oñaranym gursun. Olañ indikisem asyl şol suw gabyñ içinde on-ýigrimi halta un bolsa nätjek.
— O ýerde un näme işleýär?
— Wah, gepem şonda-da, heleý jan! Är-heleý un gytlajakmyşyn, gymmatlajakmyşyn diýen myş-myşa ynanyp alypdyrlar alyp bilen unlaryny. Özem suw gapda dursa uzak wagtlap bitlemeýärmişin diýip. Şeýdipdirler. A meñ o zatlardan habarym bolmasa näme…
— Asyl ol-a bolaýypdyr. Ilden artyk köpbilmişsireseñ, boljagyñ şoldur. Näme, il aç ölüp, olar tohumlyk galaýaryn öýtdülermikä. Ol är-heleý tebehedi göçen diýerler. Edenleri şo bolsa, özlerinden görsünler. Señ näme günä bar bu ýerde.

Aşyrmuhammet HUDAÝBERDIÝEW.

«Tokmak» žurnaly, 1991 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle