Wellegiñ terjimehaly
Wellegiñ terjimehaly
• Warryk bagşy
Biriniñki ugruna boljak bolsa, boluberer ekeni. Kyrk ýaşdan soñ dutar öwrenip, görüñde çaljakmy diýselerem, Welleg-ä üç onlugy arka atandan soñ, aýdym aýtmany çykardy. Asyl toý sesini eşitse, kisesine kakyp, zowladyberdi. Salym geçmänkä-de ady dilden-dile geçip, «atly bagşylaryñ» hataryna goşuldy.
Oba adamlary Wellege:
— Warryk bagşy diýip at goýdular…
• Ýokary hilli «hyzmat»
Wellek warryk ýeñil maşyn edineninden «bagşylygyny» ynamdar «şägirtlerine» tabşyryp, ýolagçylara «hyzmat» edip başlady. Gijede, gündizde dyzyny epmän, goñşy obalaryñ arasynda okkessirme geçýän ýaly waz ýasady.
Indi Wellek warrygyñ gök «Žigulisi» ýolda göründigi:
— Hol-ha, Wellek bir manat gelýär — diýýärdiler…
• Wellek gymmat
Bir gezek goñşularynyñ biri: «Şähere gitseñ, gök getirip bersene» diýdi. Wellek bir manat şondan soñ: «Obadaşlarymy gök önümden kösäp bolmaz» diýdi-de, şäher bazary bilen oba aralygyny torç etdi.
Obamyzyñ köçelerinde Wellek bir manadyñ mele «Wolgasynyñ» signaly eşdildigi, çagalara çenli:
— Wellek gymmat gelýär — diýişdiler…
• Dama-dama köl bolar
Wellek gymmatyñ örüsi giñedi. Polat guşuñ ganatlaryndan ýapyşyp ol şäherden, bu şähere uçdy. Gonan ýerinde-de gözüne ýaran delje harytlary holtumyna saldy. Oba gelip, «tarhandökerlik» etdi.
Obadaşlary bolsa onuñ adyny:
— Wellek çasny diýip tutup başladylar…
• Ýöne…
Bir gün Wellek çasnyny gapjadylar. Asyl şir dek gözi gyzaran aýy kimin tüýi ýeten Wellek gapana düşen syçana dönäýdi. Şonda-da gözenegiñ añyrsynda oturan ýerinden:
— Gülüñ biten ýerinde gadyry bolmaz eken — diýen boldy.
Silgeldi AKMYRADOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986 ý. Satiriki hekaýalar