|

«Göz berildi batyl bolmazlyk üçin…»

"Göz berildi batyl bolmazlyk üçin…" «GÖZ BERILDI BATYL BOLMAZLYK ÜÇIN…»

Göz berildi batyl bolmazlyk üçin —
Zemin maña eçilipdi ýüregi.
Ele hünär berdi döwerim ýaly,
Bereketli çöregi.

Hem meniñ yhlasym gitmedi köýüp,
Bu ýerde bildim men ýeke däldigim.
Şäherleri nurlar bilen besledim,
Erkin jülgelerim, ýagty ýollarym.

Zemin! Bütin durkum, süññüm, kuwwatym,
Kä umytdan düşüp, şeýle bir söýüp.
Men saña nämeler bergili bolsam,
Ederin özümiñ borjumy duýup.

Baky tebigatyñ zanny hökümi
Barça ykballara däldir başga zat:
Ähli halklary ýygnap bir ýere,
Baryny jemlärin uly maşgala.

Şeýle belentlige ýeterin hökman
Baryp ýyldyzlaram elleseñ bolýar.
Ganatlaryñ ýaýyp, bilmeseñ şo kyn,
Aýdym aýdyp, ösüp, gülleseñ bolýar —
Ähli adamlaryñ Watany
Zemin!

* * *

Gije kölgäni kowlap,
Çökdi duman jar üste.
O kenarda alawlap,
Alysdan çykdy tüsse.

Meger, täsin balykçyñ
Ody — awly gündäki.
Bişirýäni balykdyr,
Çekýäni-de temmäki.

Ot çagyrýar tüm irrelevant,
Gör, kalbynyñ akdygyn!
Ýogsa gojañ, men küje,
Küýünde-de ýokduryn.

Ot lowlaýar o jarda,
Çalýar gamyşlar sazyn.
Senem uzak kenarda,
Meniñ üçin ýanýarmyñ!

Ykbalymda şugla-nur,
Ýanýarsyñ uzak ýylda.
Ne şatlyk bar, gaýyk bar,
Gözläp tapmarsyñ kölden.

Balykçy deý otur-da,
Hem muşdagyñ towlaber.
Meñ üçin däl, sen şeýle,
Lowla, alaw, lowlaber!

Mihail DUDIN.

"Göz berildi batyl bolmazlyk üçin..."

Terjime eden: Annaguly NURMÄMMEDOW. Goşgular
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle