|

Sözüň jadysy

Sözüň jadysy SÖZÜŇ JADYSY

Bir gezek mugallym talyplara sözüň jadyly güýji barada gürrüň berip duran ekeni. Şonda, yzky hatarda oturanlaň biri gygyrypdyr:
— Mollym, sen bolgusyz zatlary aýdýaň. Näme, yzyny üzmän, nijeme wagtlap “Hudaý, Hudaý, Hudaý” diýip ýanjap oturanyň bilen-ä ýagşyzada, tüketmän “günä, günä, günä” diýip hetjikläniň bilenem günägaby bolarsyňmy?
— Sem bol, wenezzyna!-diýip mugallym, onuň al-petinden alypdyr.
Namysjaň talybyň girre gahary gelip, ol agzyndan geleni sögünmäge başlapdyr. Ol gazabyna bäs gelmän, ýerinden dikelip galanda mugallym uzur ötünç bilen dillenipdir:
— Meni bagyşlaň… Men juda öte geçdim. Men sizden özümiň biderek gödekligim üçin ak ýürek bilen ötünç soraýaryn.
Mugallymyň uly boýuny kiçeldip ötünç soramagy, hernäçe gaharly bolsa-da talybyň badyny alypdyr. Ol bada-bat köşeşipdir-de: “Sebäpsiz ýerden sögünmek nämä gerekdi?” diýip hüňürdäp, ornuna çöküpdir.
— Ine, seň soragyň jogaby,- diýip ony ünsli synlaýan mugallym dil ýarypdyr: — Bir söz zerarly sen zynjyrlaýmaly dälä öwrüldiň, beýleki sözem seni ýene-de adama öwürdi…

Çeşmesi: https://pritchi.ru/id_2026. 16.07.2021ý.
Terjimesi az-owlak üýtgedilip alyndy.
Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle