| |

Biçäre Nikiforow / gysga ýumor

Biçäre Nikiforow / gysga ýumor BIÇÄRE NIKIFOROW

Nikiforow et almak üçin nobata dur.
— Maña süñksüzräk ýerinden bereweri, Stoýan! Özüñem baryp dur, henizem şo bakaleýada men.
— Ýagsyzragyndan çeksene, Stoýan! Onsoñam, biziñ restorana-da aýlan haw.
— Kotlet bişiret ýalyrak ýerinden çek, Stoýan! Aýakgap ussahanasyna-da ýoluñ düşer-ä seniñ.
— Maña jylkajasyndan, kakmaçlyk gerek, Stoýan. Sen Kate biziñ atelýämize hem degip geçäýmel-ä!
— Çişlijek iýesimiz geldi… Ýok, ýok. Gapyrgajykdan däl… Adaty çişlik-laýt. Sen, oglan, biziñ altyn-kümüş şaýlar satylýan magazinimize-de bir girip-çykaýarlar-a!
— Maña göle etinden bolaýsa…
Nikiforow bu gürrüñleri diñläp, utanyp ýere giräýjek bolýar. Olam şeýdip, iller ýaly Stoýany iş ýerine çagyryp bilýän bolsady. Ýöne, nirä, näme üçin çagyrjak diýsene? Ýogsa-da, oña: «Stoýan, gulak as, sen biziñ ylmy-barlag institutymyza-da gelsene, men saña kislotalar hakynda şeýle bir gyzykly gürrüñler bereýin!» diýäýsem näderkä?
Ýok-la, dilem öwrülenog-a olara.
Bireýýäm umytdan düşen kiçi ylmy işgär Nikoforow kapasanyñ ýanyndan ýüzüni sallap gaýdýar. Onuñ goltugynda bolsa, birgeñsi edilip ak kagyza dolanan geñ haryt — süñk-sañk bar.

Walentin PLAMENOW,
(Bolgariýa).

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle