Eger siz «meni söýseñiz, menem sizi söýerin» diýýän bolsañyz, munuñ ady algy-bergidir
Eger siz "meni söýseñiz, menem sizi söýerin" diýýän bolsañyz, munuñ ady algy-bergidir
Söýmegiň nämäni aňladýandygyny bilýärsiňizmi? Islendik bir agajy, guşy ýa-da öýde esewan edip ýören eldeki haýwanyňyzy söýüp bilýärsiňizmi? Ol size jogap bermese-de, gara bermese-de, ýanyňyza gelmese-de, size hiç hili ýakynlyk duýmasa-da söýüp bilýärsiňizmi? Köpimiz bular ýaly söýgä bolýan däldiris. Köpimiz şeýle ýagdaýda söýüp bilemzok, sebäbi biziň üçin söýgi hemişe gaýgy-gama, dert-alada, gabanjaňlyga, gorky-ünjä ýugrulan. Diňe söýmek bilen çäklenip, söýgimizi şodurşuna goýasymyz gelenok. Söýýäris söýmesine, yzyndanam söýgimize jogap hantama bolýarys. Şu hantamaçylygymyz bilenem başga birine garaşly bolup galandygymyzy duýman galýarys.
Ine, şonuň üçinem diňe söýüň we diňe söýmek bilen çäkleniň. Söýgi haýsydyr bir garşylyk däldir. Eger siz “meni söýseňiz menem sizi söýerin” diýýän bolsaňyz, muňa söwda diýilýär. Algy-bergi diýilýär. Şeýle bolanda söýgi diýýän närsäňiz bazarda satyp ýa-da satyn alyp bolýan zada öwrüler, bu bolsa eýýäm söýgi däl. Söýýän wagtyňyz nämedir bir zadyňyzy berýändirin öýtmäň. Diňe şular ýaly söýgi erkinlik bilen badaşyp biler. Emma özüňizem bilşiňiz ýaly, size matematikany öwretdiler, himiýany öwretdiler, geografiýadan, taryhdan okatdylar. Hemmesi şulardan ybarat.
Çünki ene-ataňyzam hemme zatdan ötri siziň okap, adam bolup, gowy ýerde işlemegiňizi isleýär. Eger ene-ataňyz barjamly adamlar bolsa, onda sizi daşary ýurtlarda okadýar. Dünýädäki başga adamlar ýaly olaryňam bar arzuwy siziň özüni oňarýan gurply adamlar bolup jemgyýetde mynasyp ornuňyzy eýeländiňizi görmekdir, a siz bolsa has ýokary dyrmaşdygyňyzça başga adamlaryň hasam betbagt, hasam dert-aladaly bolmagyna sebäp bolýarsyňyz. Çünki üstünlik gazanmak üçin hökman bäsleşmeli bolýarsyňyz, rehimsiz bolmaly ýeriňizem bolar. Munuň üçin ene-atalar çagalaryny üstünlik gazanmaga ymtyldyrýan, emma söýgiden nam-nyşan ýok mekdeplere ugradýandyrlar, hut şonuň üçinem biz çekeleşip-ýolmalaşyp halys porsusy çykan jemgyýetde ýaşaýarys. Syýasatçylar, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralar, ýer eýeleri parahatçylygy hernäçe dillerinden düşürmeselerem, olaryň aýdýan sözlerinde zerre many ýok.
Şindi hemmämiz bilelikde erkinlik meselesine düşünmäge synanşalyň: söýmegiň nämäni aňladýandygyny özümizden tapmaly. Eger söýginiň nämedigini bilmesek, hiç wagtam özgäniň aladasyny edip, özgäni ynjytmazlyga jan edýän ynsanlar bolup bilmeris. Eger aýakýalaňaç gezýän adamlaryň geçýän ýolunda ýatan kiçijik daşa gözüňiz düşse, ony hökman aýryp zyňyň. Muny siziň şeýtmegiňizi isleýändikleri üçin däl-de, heniz size nätanyş, bir gezegem görmedik adamlaryňyza garşy duýgyñyzyň bardygy üçin şeýdiň.
Agaç nahalyny ekip-ulaltmak, durnagöz çeşmäniň şildirdäp akyşyny synlamak, dünýä gözelliklerinden ganmak, guşlaruň uçuşyny synlamak, ýaşaýyş diýilýän bu adatdan daşary hadysalar halkasyna ýakyn durmak üçin bularyň barsy erkin bolmaly. Erkinlik üçin adamyň kalbynda söýgi bolmaly, söýgi bolmasa erkinlik hiç hili gymmaty bolmadyk boş sözden ybaratdyr. Şonuň üçinem duýguçyl ruhy ýakynlygyň nämedigine mazaly düşünip, bular ýaly ýakynlykdan daşlaşyp bilmeýänler söýginiň nämedigini bilmeýär, söýginiň nämedigini bilmeýänlerem erkinligiň nämedigini bilmeýär. Diňe erkin adam täze medeniýeti, özgeren dünýäni gurup bilýär.
Jiddu KRIŞNAMURTI,
hindistanly filosof. Filosofiýa