| |

Böwenjik

Böwenjik BÖWENJIK

Gadym ertekiler gür berýär bize,
Ilde peýda bolan göýdük böwenjik,
Dowar sürülerni çykarman düze,
Diýipdir ol:
— Seni iýmän nämejik.

— Lak-luk — atyp ýörkä basym-basymdan,
Iýenni siñdirip bilmändir añsat.
Ýarylan çak,
Bir owlagyñ şahyndan,
Öz ýerli-ýerine düşüpdir bar zat.

Pök-pök edip,
Onda-munda köw berip,
Şol böwenjik häzirlerem tapylýar.
Ýöne indi
Bedewler dek köwlenip,
Kişñäp duran goşgulara topulýar.

Kakabaý YLÝASOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1988 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle