Obadaşlaryň dilinden
Obadaşlaryň dilinden
-Goňşy, goýunlarňy boşatmaweri,
Torç edipdir sübseligmi, darymy.
-Bolýar, ýöne indi gelse bagyma
Gyraryn dermanlap ähli aryňy.
***
-Bazarda sataşdym dellal goňşyňa,
Ýa ol ähli dellalaryň pirimi ?
-Ahmal bolsaň, görüşende bildirmän,
Alyp galar bäş barmagyň birini.
***
-Seňki ýaly maşyn goý,
Nesip etsin her öýe.
-Beý diýmäwer sen meni
Zar edersiň kireýe.
***
-Bol-ow , gardaş, “Kepderini” çalyp ber,
Düşünemok “Dilberiňe” , “Geline”.
-Üç gezeg-ä çaldym, ýa indi ony
Pysyrdadyp bereýinmi eliňe ?!
***
-Gazanjyňy ýerliklije sowarlar,
Pul diýen zat hazzyklyga ýaranok.
-Onyň dogry goňşy, ýöne men senden
Karz pul soraýan, akyl soramok.
***
-Gar ýagýar , sen şindem içip otyrsyň,
Hernä muny gelnejem bir bilmez-dä ?!
-Päheý sen-ä Gelnejeňden kim gorkýar,
Ýaman etse ýene öýe salmaz-da.
***
-Eşegiň-ä ýorga eken ,bir nas al,
Gökläli gök ýere gaçýanam bolsa.
-Wah, sakgaldaş kädim öýde galypdyr,
Nas-a ýok şu eşek uçýanam bolsa.
***
-Goňşy ,gutly bolsun alan maşynyň,
Tekerleri tigirlensin ýer bilen.
-Sag bol, gelibergin unaş içmäge
Tä çykýançak aşagyndan bergileň.
***
-Ýitiren zynjyrňy soraýan weli,
Gözüň-ä seň agyl bilen dölede.
-Wah , şol ýiten zynjyrmyň ujunda
Bolmaly bakylan, semiz göle-de.
***
-Ketekden ýumurtga almasyn ogluň,
Tabşyr goňşy , çal dulugna bolmasa.
-Habarym bar, gaty betdir Berdilim,
Kaýyl bolaý towuklaňňy almasa.
***
-Gawunma giripdir eşegiň goňşy,
Awundyryn, daňjak bolsaň daň indi.
-A how , giren bolsa kowup göýbärler,
Boljakmy sen eşek bilen deň indi.
***
-Keselhana adam bary üýşüpdir,
Känmidi oň garyndaşy , ýeňňesi ?
-Ondan dosty , garyndaşy bizar-la,
Algydarlar bu duranlaň hemmesi.
***
Zol ýoluna janly aýdyp bu daýy,
Para bilen yrjak bolýar Hudaýy.
Atajan ANNABERDIÝEW Goşgular