| |

Hüşgärlik / gysga ýumor

Hüşgärlik / gysga ýumor HÜŞGÄRLIK

Garawul kärhananyñ derwezesinden çykyp barýan maşyny saklady.
— Yzky oturgyjyñdaky näme?
— Ot.
— Köpmi?
— Aý… Bir halta.
— Nireden aldyñ?
— Hol çöp-çalam basyp ýatan ýerden.
— Düşür.
— Näme üçin,
— Sebäbi, ol ýer zawodyñ territoriýasy.
— Ýarymja halta alsam bolmazmy?
— Bolmaz. Düşür.
— Bolýar, düşüreýin — diýip, sürüji hüñürdedi.
— Bar, indi gidiber. — Garawul biraz ýumşaşdy.
Maşyn tigirlenip, derwezeden çykdy. Sürüji ýoldaşyna ýüzlendi.
— Gördüñmi, nädip onuñ gözüne çöp atdym?
— Kimiñ?
— Ýañky akmak garawulyñ.
— Ol seniñ eliñden otuñy alyp gald-a.
— Oña Derek münüp barýan maşynymyz ogurlyk.

Paul NEGOLESKU,
Rumyniýa.

Rusçadan terjime eden: Dädebaý ÝAGŞYMYRADOW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle