Šygyr
Šygyr
Güýzüň ýapraklaryna boýalan sözlerden düzülen setirlerne çoýunsaň diýip,
bir goşgy ýazdym.
Ýazyň güllerini äsgermän,
Güýzüň gözelligini inkär edeniň üçin gazanan günäleriňden ýuwunsaň diýip,
bir goşgy ýazdym.
Sen,
tomus yssysyny gargadyň,
Görmediň güneşiň topraga syzýan mährini
Men,
sözleriň maňlaý derini sylyp,
perdelerden daman ganlary duýup,
ÿaňladan aýdymlarymdan tolgunsaň diýip,
bir goşgy ýazdym.
Ýigit setirlerme,
guçduryp gyzly bentlerimiň inçe billerin,
ÿaş aýaklary,
näzik elleri,
däli tenleri,
tans etdirdim meýdanda.
Gorky sygmaz ýaly dünýäme,
ony söýgi bilen dolduryp,
meni
duýsaň diýip,
bir goşgy ýazdym. Goşgular