Söýşüñ ýaly söýülersiñ…
Söýşüñ ýaly söýülersiñ…

Ýeriñ seni çekişi deý agyrsyñ
Ganatlaryñ çyrpynyşy deý kiçi…
Ýüregiñ urşy deý urup duransyñ
Hem gözleñ uzakdan görşi deý ýiti…
Örän mähribansyñ ýakynlaryña
Jynyñ almaýana erbetsiñ gaty…
Ne reñkde bolsa-da gaşlaryñ gözüñ
Garşydaşyñ görşi ýalydyr ýüzüñ.
Geçen ýollaryñy nep hasaplama
Ýetmek kynam däldir ýollañ ahyrna.
Nähili ýaşasañ ýaşa,
Söýşüñ ýalydyr ömrüñ…
Näçe gülüp bilseñ şonça bagtlysyñ
Gynanma hiç, aglaýşyñ deý gülersiñ
Hemme zady bir günlikdir öýtmegin
Söýşüñ ýaly söýülersiñ.
Gün dogar çagdadyr gadyr-gymmatyñ
Hem özgäni sylaýşyñça adamsyñ
Eger bir gün ýalan sypsa diliñden
Goý, özge ha ynanmasyn, ynansyn
Aýyñ ýagtysynda ýar arzuwynda
Daş boldukça söýgüliñe ýakynsyñ.
Ýagyş ýaganynda ezil, süllümbaý
Gün şöhlesi endamyñy ýylatsyn.
Özüñi ýeke duýsañ ýekesiñ
Güýçli duýsañ hem güýçli.
Özüñi gözel saý, şonça gözelsiñ…
Ynha, şudur durmuş!
Şudur ýaşamak!
Diñe şuny unutmasañ ýaşarsyñ,
Muny undanyñda alan her demiñ deý üşärsiñ
Hem özgäni unduşyñ deý ýatdan çykyp gidersiñ.
Gül suwdan gandykça görke aýlanýar
Guşlar uçýandygy üçin gözeldir
Bäbek bäbekligi üçin aglaýar
Hemme zady öwrenşiñ deý bilersiñ
Muny-da öwren:
Söýşüñ ýalam söýülersiñ!
Terjime eden: Has Türkmen. Goşgular