|

Bilgiçsumak

Bilgiçsumak BILGIÇSUMAK

Soňky döwür köpelipdir palçylar,
Halk ynamna girip bilýän alçylar,
Dürli ýalanlary satýan ýalçylar,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Gumalagy edip özüne ýarag,
Çemçe duzy edip özüne gorag,
Aga, gara bölýär misli bir boýag,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Ak zatlar görünýär, aklyga ýorar,
Gara zat aslyşýar, çaklama urar,
Garany aýyrjak, elini serer,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Hol, gaýrada uly palçy döräpdir,
Beren duzy goňşymyza ýarapdyr,
Gelniniňem täleýine garapdyr,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Düýe çopan gumalakdan atýarmyş,
Arwah-jynyň yzyndanam ýetýärmiş,
Baglylary ýüz ugruna açýarmyş,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Kurhandan atýarmyş säginmän paly,
Hudaýdan gorkanok, bormy şuň ýaly,
Ynanýanlaň başna salyp ol aly,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

Gorkman Kurhany orta atyp ýör,
Kurhan ursa ýowuz günler sende bor,
Hudaý huzyrynda bolar ýeriň dar,
Ykballary çözýän eý, bilgiçsumak.

31. 07. 2011 ýyl.

Meýlis HASAR. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle