|

«Sen bolsañ…»

"Sen bolsañ…" «SEN BOLSAÑ…»

"Sen bolsañ..."

Dünýämiziñ şeýle uçurymlaşyp,
Kä ýerde daralyp, käte giñelşip,
Ýaşaýyşyñ juda çylşyrymlaşyp,
Durmuşyñ düşnüksiz durka girjegin,
Adamlaryñ bir-birinden irjegin.
Hem wepasyz dostlañ köpeljegini,
Göwün atly Käbäñ ýykyljagyny,
Sorup loly dünýäñ kyrk emjegini,
Agzyndan süýt ysy gitmedikleriñ,
Magtanyp eden-u etmediklerin.
Ýok gepiñ çişirip esseme esse,
Mugt paýlaýarka desseme desse,
Her öñýeten çyndyr öýdüp esetse,
Öýkeni bäş teññä geçmeýänleriñ,
Saçagyñda agnap syçmaýanlaryñ
agzyndan goýberip soñky pohuny,
Heşelle kakjaklañ turzup göhüni,
Äwmesem-de ol namartlañ gohuny,
Kalba salan ýaralaryn sypalap,
Bir gözeli jandan söýüp, apalap.
Soñ elden giderip delmuryp herýan,
Ýar hasratyn çekip, gözlerim girýan,
Ýa bilemok, seniñ ýanyña barýan,
Agyr ýükden ýagyr bolupdyr arkam,
Sen bolsañ beýle-de bolmazdy, kakam.
Ýa şeýle boljagyn duýup gitdiñmi,
«Baş alyp çyk!» diýip, goýup gitdiñmi,
Ýa bu ýalançydan doýup gitdiñmi?!.
Bilýän-ä men, ýokdy zatdan hederiñ,
Eý meniñ merdana, eziz Pederim!..

Has TÜRKMEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle