Gadamlaryñ owazy
Gadamlaryñ owazy
Gijemi?
Gündizmi?
Parhy ýok, parhy,
Käte undup wezipäňi, kimdigňi,
Diň sal töweregňe,
Duýarsyň şonda
Dünýäň owazlardan ýasalandygny.
Diň sal,
Uçup barýan sansyz guşlaryň
Ganatlamyň täsin pysyrdysyna.
Diň sal,
Gollaryny göge uzadyp,
Ösýän daragtlaryň pyşyrdysyna.
Diň sal,
Derýalaryň, deňiz-kölleriň
Dyzmaç tolkunlamyň güwwüldisine.
Diň sal,
Güne ýetsem diýýän gaýalaň
Hem ýyndam bulutlaň gümmürdisine.
Gözýetimleň
Menzilleriň yzyndan
Ýetip barýan,
Ýitip barýan ýollaryň,
Ýüwrük motorlaryň,
Polat ganatlaň,
Suwdaky,
Gökdäki korabllaryň
Owazyna diň sal,
Diň sal birsellem,
Sen şonda duýarsyň ýene bir zady.
Dünýä durşy bilen hereketdedir,
Öňe tarap barýandyr ol ebedi.
Dünýäň tizliginiň ýalňyz ölçegem
Tizligidir ynsan gadamlarynyň.
Şoň üçinem onuň owazlaryna
Bütin durkuň bilen ünse öwrülip,
Gulak salgynyň!
Gulak salgynyň!
Soňra bolsa sen ýene-de bir gezek
Gulaklarňy arçap,
Arçap mazaly,
Bar güýjüňi jemläp gadam urgunyň,
Gitgin öňe,
Gitgin ýoldaşlaň ýaly.
Şonda seniň gadamlaryň owazy
Goşulsa dünýäniň owazlaryna,
Ejiz dälsiň,
Bagtyýarsyň dünýäde,
Ýetersiň sen arzuwlaryň baryna.
Ýöne şonda birden tersine bolsa,
Seniň gadamyňdan çykan owazlar
Dünýäň owazyna goşulman galsa,
Biläýgin,
Garaşman aýdylarna çen,
Kim bolsaňam,
Ejizsiň sen, ejizsiň
Hemem barypýatan betbagtsyň sen.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular