|

Men hasam kakamy söýýän

Men hasam kakamy söýýän MEN HASAM KAKAMY SÖÝÝÄN

Garamyk deý ýerden biten çagajyk,
Çyrpy aýaklañ misli ýolnaýjak bolýar…
Ylganylşy ýaly döwüñ yzyndan
Jalataý kakamy ýüregim söýýär…
Ýogsa bilenokdam ýaşaýan ýermiz,
Oturmaz, hemişe gyssagly işi!
Karta esederdim nirä gitdi diýp,
Döwrüñ iñ ajaýyp magaryf şefi…
Şeýdip öwrenişdim ýaban ýatmaga…
Begenip uçardym başym syzlasa.
Gyzgynym geçäýse kyrkdan ýokary,
Çagyrardylar ony tiz Stambula.
Yrzalaşmak gelişmezmi ogula?
Keselkäm başardym bu yşk oýnuny.
Iñ soñky barlagna gidýänçä geýnip,
Ohh diýp gursagna gömdüm burnumy.
Ol uçmaha giden döwüñ yzynda,
Özümi unudyp selpäp ýörşüme.
Başga-başga yşklar, mähir-muhabbet
Açyldy nepesim, pikirim, dünýäm,
Durmuşda men hasam kakamy söýýän!

Jan ÝÜJEL.

Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle