|

Bu günem

Bu günem BU GÜNEM

«Goý, ýeňiş baýdagy dursun pasyrdap,
Onuň öwüşgininde meniň ganym bar.»

Durdy Haldurdy.

Al gandan eý görlüp,
Jandan eý görlüp,
Goralan baýdagyň astynda olar
Namys-ara hem hakyda öwürlip,
Bu günem bir-birin gutlaşyp durlar.

Bu günem…
Şol beýik Ýeňşiň şanyna
Tutulýan dabaraň diýseň zordugna
Buýsanyp dur olar,
Elwan baýdagyň
Öwüşgininde al ganlarnyň bardygna.

Kimsiniň döşüni orden bezeýär,
Kimsiniň döşünde bar birje medal.
Serediň, guwanyň, ýöne olarda
Esasy görmeli zatlarňyz o däl.

Şoň üçin gözlerne,
Ýüreklerine
Hemem gerdenlerine garap görüň siz.
Şonda bu adamlaň belentliginiň,
Hakyky sebäbe düşünersiňiz.

Olar gözlerinde,
Ýüreklerinde
Şinelli, pogonly Watanyň keşbin
Müdimilik saklap,
Gerdenlerinde
Şindem çekip ýörler şol günleň
keşgin.

Şindem ot içinde galan dostlarnyň
Jesedin özlerniň gerdenne ýükläp,
Berjaý edip ýörler westlerini
Hem öz borçlaryny ýürekden haklap.

Ýogsam olaň ýüki çekerden agyr,
Hakydalar ezýet berýär baryna.
Her halam,
Bu günem daýanyp durlar
Agaçdan ýasalan aýaklaryna.

Bu günem…
Söweşde jyda düşülen
Söwer dostlar bagyrlara basylýar.
Bu günem…
Bir-birin ýürekden gutlap,
Rezin eller mähir bilen gysylýar.

Bu günem…
Şol beýik Ýeňşiň şanyna
Tutulýan dabaraň undulmazdygna
Buýsanşyp dur olar,
Elwan baýdagyň
Öwüşgininde al ganlarnyň bardygna.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle