|

Ilkinji jümle

Ilkinji jümle ILKINJI JÜMLE

Islendik çeper eser üçin ilkinji jümläň – ilkinji sözlemiň iňňän wajyp ähmiýeti bar. Çünki, ilkinji jümle, iň bolmanda ikinji jümläni okamaga imrikdirýär. Olam gyzykly, özünçekiji bolsa, indikini…
Şeýdibem, okyjy eseriň “çeňňegine” ilýär.
Häzirki wagta çenli adamzat edebiýatynda iň täsirli we özüneçekiji ilkinji jümle hökmünde, aglaba köp ýagdaýlarda Lew Tolstoýyň Anna Karenina eseriniň başlanýan sözlemi hasaplanýar:

“Hemme bagtly maşgalalar biri-birine meňzeýär, her bir betbagt maşgala özüçe betbagt bolýar”.

Ondan başga-da, edebiýatda şu aşakdaky ýaly ýatda galyjy ilkinji jümleler bar:

“Makar özüni atmagyň kül-külüne düşdi”. Maksim Gorkiý, “Makaryň durmuşyndan hadysa”;

“Köp ýyllardan soň, edil atylmazynyň öň ýanynda, polkownik Aureliano Buendiýa, kakasynyň özüni buz synlamaga äkiden şol uzak gününi ýadyna salar”. Gabriel Garsia Markes, “Ýüz ýyl ýalňyzlyk”;

“Garageýimli adam çölde gizlenmäge çalyşýardy, atyjy bolsa ony yzarlaýardy”. Stiwen King, “Atyjy”;

“Bu Taýler birden-ä meni ofisiant edip işe ýerleşdirýärdi, birdenem meniň agzyma nili dykyp, baky ýaşaýyşy gazanmak üçin ilki bilen ölmelidigini yglan edýärdi”. Çak Palanik, “Urşujy kluby”;

“Kenarýakada täze keşbiň – güjükli hanymyň peýda bolandygyny aýdýardylar”. Anton Çehow, “Güjükli hanym”;

“N etrap şäherçesinde, şeýlebir dellekhanalar we jaýlanyşhanalar köpdi welin, edil ýöne, şäheriň ýaşaýjylary sakgal-murtlaryny syrdyryp, saçlaryny deňledip, kellelerine atyr sepdirip, bada-badam ölmek üçin dogulýan ýalydylar”. Ilf we Petrow, “On iki oturgyç”;

“Duşmanlaryňdan gorkma – erbet ýagdaýda olar seni öldürip bilerler.
Dostlaryňdan gorkma – erbet ýagdaýda olar saňa dönüklik edip bilerler.
Biparhlardan gork – olar öldürmeýärem, dönükligem etmeýär, ýöne diňe şolaryň sessiz razylygy bilen Zeminde dönükligem, ganhorlygam ýüze çykýar”. Bruno Ýasenskiý, “Biperwaýlaryň dildüwşügi”;

“Ýagty, sowuk aprel günüdi, sagat on üçüň jaňyny kakýardy”. Jorj Oruel, “1984”;

“Meniň iki doglan günüm bar: Ilki men aýal jynsly bäbek hökmünde 1960-njy ýylyň haýran galdyryjy dury ýanwar gününde Detroýtda, soňra bolsa 1974-njiň awgustynda, ýetginjek ýaşly oglanjyk görnüşinde Miçigan ştatynyň Pitoskisiniň tiz kömek palatasynda dünýä geldim”. Jeffri Ýewgenidis, “Orta jyns”;

Siz türkmen edebiýatynda nähili has ýatda galyjy ilkinji jümleleri bilýärsiňiz?

Mekdep döwründen bäri köpümiziň ýadymyzda galan birinji jümläni özüm aýdaýyn:

“Siz ony aýdýarsyňyz…Men size şu ugurdan başga bir gürrüň bereýin”. Nurmyrat Saryhanow, “Kitap”.

Maglumatlar dürli internet materiallaryndan saýlanyp alnyp, terjime edildi. Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle