Ömrümiñ bir ýyly
Ömrümiñ bir ýyly
Hoşlaşdym,
Ömrümiň ýene bir ýylyn
Ugratdym, geçmişe ýolladym bu gün.
O menden hoşalmy ýa-da närazy?
Bilmedim, biljegem bolmadym bu gün.
Gitdi,
Ne ýylgyrdy, ne gaşyn bürdi,
Ne-de bir gaňrylyp seretdi maňa.
Ýa menden sypanna begendi juda,
Ýa-da agraslygyn göz etdi maňa.
Hawa, ol dil ýarman,
Syr bermän gitdi…
Men bolsam penjiräň geçip öňüne,
Oň yzyndan garap galdym, tisgindim,
Ýeten wagty adamlaryň deňine.
Oýlandym: «Gör, olar näme diýerkän?
Çekindim: «Oň ýüzün dalarlar hökman».
Bir gowy zat, salamyny aldylar
Hemem ýol berdiler gaşlaryn çytman.
Diýdiler: «Başarsaň, ýagşylyk etdiň,
Şükür, ýamanlyg-a görmedik senden.
Hasyly azyrak berdiň sen oňa,
Nätjekd-ä, goý, onam görsün özünden».
Soňam edep bilen saldylar ýola,
O bolsa ýene-de howlukdy, gitdi.
Kem-kemden giňişlik gerdi perdesin,
Gözýetime siňdi, gözümden ýitdi.
O gitdi…
«Nätjek-dä, görsün özünden»
Wah, şu jümle welin gulagmy gazap,
Beýnimi, ýüregmi mynçgap başlady,
Sähelçe pursatda çekdim kän azap.
Alaç ýok,
Geçeni geçdi bilmeli,
Öz eden günäňi çekmeli özüň.
Pursat bar, belki-de, geljekki günler
Hasylsyz ýylyňam dolar öwezin.
Ýöne bir kişini ynjaldan bolsam,
Ýa nähak iteklän bolsam men oda,
Şoň öwezin welin dolup bolmazdy,
Bejerip bolmazdy ömürylla-da.
Penjiräň öňünden aýryldym ahyr,
Azajyk teselli berdi şo pikir.
…Ýamanlyk etmedim özümden özgä,
Ah, şuňa-da şükür,
Şuňa-da şükür.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular