Joraýewe
Joraýewe
«Ady, milleti, harby çini näbelli, familiýasy Joraýew…»
(Belgoroddaky doganlyk mazarynyň ýüzündäki ýazgydan)
Gije nobatynyň geçirdi-ýaryn.
Men bolsam bu mermer daşyň-mazaryň
Ýanynda henizem oýlanyp durun.
Durun ömürbaky öçmejek oduň
Meniň bilen hemrа boluşyn geňläp.
Durun, ýüzi gasyn-gasyn taryhyň
Hem-de heniz aýdylmadyk aýdymyň
Sen barada berýän gürrüňin diňläp.
Durun…
Mazaryň ýüzüne seçeläp nurun,
Ömürbaky öçmejek ot şeý diýýär:
«Ýagmyrda, tupanda sönmeýändigmi
Bilýärmiň, seniňem ýüregiň duýýar.
Ýöne men ýene-de bir zat aýdaýyn.
Men ýönekeý ot däl,
Men başga bir zat.
Gülleler dökülip damjalar deýin,
Belgorody gujaklanda harasat,
Şu ýatan gerçekler undup şöhrady,
Lowlaýan ataşy söndürjek bolup,
Özleniň ýüregne berdiler ody.
Şolaň ýüreginden çykýan ýalyn men.
Ýalyn men, ýagtyldyp bulaň guburyn,
Şo-ol ýanyp durun…»
Durun…
Ýüzi gasyn-gasyn taryham
Agtaryp özüniň sahabyn-gatyn,
alýar nobatyn.
«Bular söweş güni algyrdy-şirdi.
Janyndan namysyn eý görýärdiler.
Ýigit diýseň ýigit, är diýseň ärdi.
Hiç bir zada bölmezdiler ünsüni,
Öz işleri bilen gümrady diňe.
Unudamok, batyrlygna guwanyp,
Seň häzirki synlap duran ýigdiňe
«Adyň näme?» diýdim. Ol ses bermedi.
Gygyrdym: «Milletiň?!»»
Ol ses bermedi.
«Ataň ady?» – «Jora». Wah, onýança-da
Gülle geldi, ýigit gumy sermedi.
Asmanda bulutlar göçýär, oýnaýar
Seçeläp zemine, seçeläp garyn.
Men bolsam, bu mermer daşyň-mazaryň
Ýanynda henizem oýlanyp durun.
«Jora… Jora… Belki, ildeşimdir ol,
Lebabyň suwuny içip gezendir,
Belkem, Murgap gomlaryny kowalap,
Käte bolsa ondan gaçyp gezendir…»
Şeýle pikirlerden doludy başym,
Arman, pikirlerim kesildi birden.
Çünki heniz aýdylmadyk aýdymyň
Mylaýym owazam geldi bir ýerden.
«Ylhamyň, senetiň, gaýratyň bolsa,
Wasp et meni, ýaýrat sen dumly-duşa.
Bilýärmiň aýdymdan dosty bolanyň
Mydam ady bezelýändir alkyşa.
Beý diýdigim, saňa ýalbardygym däl,
Islesem, başganam tapjagym hakdyr.
Henize çen dünýä inen aýdymyň
Aýdylman, ýaňlanman galany ýokdur.
Men bolsam döräpdim, inipdim dünýä
Duşmanyň oslagsyz gelen güllesi
Şu merdiň döşüni ýaran pillesi…»
Halha daň şapagam gyzaryp barýar.
Begenýär, paýlaýar dünýäme nurun.
Men bolsam, bu mermer daşyň-mazaryň
Ýanynda henizem oýlanyp durun.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular