Eger şeýle goñşyñ bolsa…
Eger şeýle goñşyñ bolsa…
(Ýarym degişme)
Şadyýan, owadan gyz bolsa goňşyň,
Senem goşgy bilen bolsaň derdeser;
Işiň gaýdandygyn biläýgin, gardaş,
Kalbyň karar tapmaz hiç bir ýerde seň.
Ýogsam saçlaryňdan agam girendir,
Üýtgeşik hyýalam ýokdur seriňde.
Ýöne oň gülküsin eşitdigiň bes,
Duransyň sen penjiräniň öňünde.
Şözleşen mahalyň, degşen mahalyň
Çykmasaň-da goňşulygyň çygryndan,
Setirlerňe siňer gider gülküsi
Hem nurana keşbi görner şygryňdan.
Ilem tanar, gyzam tanar özüni,
Hiç bir adam duýmaz munuň zyýanyn.
Diňe gabanjaňlyk derdine düşüp,
Otly köýnek geýer eziz aýlyň.
Onsoň bar işiňi zyňyp birýana,
Galmaz ýalbarmakdan gaýry bir çäräň.
Goşgudan bizarsyň.
Hoşalsyň hoşal.
Öýkesini ýazyp bilseň biçäräň.
Ýazarsyňam,
Ýöne ýene şo derde
Ulaşjagňa welin ynangyn, şahyr,
Çünki bu ýagdaýa juda belet men…
Şu goşgynam ýazdyran şol dert ahyr.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular