Ataly ogul
Ataly ogul
Bir şowsuz ädilen kiçijik ädim
Ara düşdi.
Ýene ata yrsarap,
Uzyn gün käýinip gezdi ogluna,
Uzyn gün ýüzünden gar ýagdy syrap.
Ogul kän ýalbardy,
«Wah, düşün» diýdi.
Ata bolsa oňa bermedi ünsem.
Soň dymdy,
Diňledi,
Ahyram, nätsin,
Öýden çykyp gitdi ses-üýnsüz, ümsüm.
Ogul gitdi,
Ata şol dem penjiräň
Öňünde dikildi, dal başyn yrap.
Geljegin duýsa-da,
Öýkeläp giden
Oglunyň yzyndan kän durdy garap.
«Ýene-de göwnüne degäýdim öýdýän,
Öteräk geçäýdim öýdýän çeninden…»
Birdenem tisgindi.
Çünki oglunyň.
Başga birem ýöräberdi deňindeň.
Ol ogluna görä bezzadyrakdy,
Paýhasam artykmaç däldi oň şeksiz
Ogly bilen deňeşdirseň, gürleýşem,
Gadam urşam gelşiksizdi-gelşiksiz.
Soňra-da
Oglunyň yzyň eýgermän
Çaňda galdy…
Çytdy ata gaşlaryn
Sebäbi synlapdy,
Tanapdy häzir
Bir mahalky geçip giden ýaşlygyn.
«Sözüm ýok, hakykat…»
Oýlandy ata,
Oýlandygyça-da dişledi hyrçyn.
Herhal, oglum, düşünersin, sen maňa
Gerdenňe ýükläňson, atalyk borjun…»
Italmaz NURYÝEW. Goşgular