Tanymal adamlaryñ sözlerinden
Tanymal adamlaryñ sözlerinden

Görmezlige salyñ, sesiñizi çykarmañ, jogap bermäñ. Sessizlik hemme zady ýom-ýok eder.
Çarlz DARWIN.
* * *
Adamyñ akly köpeldigiçe, ykgy-çokgysy, derdi artýar.
Fýodor DOSTOÝEWSKIÝ.
* * *
Her kim adamzadyñ erbetlige tarap barýandygyny bilýär. Emma her kim özüniñ erberlige tarap barýandygyny welin, bilesi gelmeýär.
Lew TOLSTOÝ.
* * *
Ahlagyñ ýok ýerinde kanun derege ýaramaz.
Napoleon BONAPART.
* * *
Dil adamlara berilen iñ uly peşgeşdir.
ARISTOTEL.
* * *
Wagty gelen pikiriñ garşysynda durmaga hiç bir goşunyñ güýji ýetmez.
Wiktor GÝUGO.
* * *
Bir zady hakykatdan bilmek, oña düşünmek bilen amala aşýar.
SOKRAT.
* * *
Göz-gulakdan has anyk şaýatdyr.
Geraklit EFFESKIÝ.
* * *
Adam näçe az pikirlense, şonça köp gepleýändir.
MONTESKÝE.
* * *
Geplemek — adamyñ aklyny ulanyp bilmek sungatydyr.
PLATON.
* * *
Ýalñyşy tapmak hakykaty tapmakdan gas añsatdyr.
Wolfang GÝOTE.
* * *
Dünýäniñ wekilçiligi erkekleriñ eseridir. Olar dünýä öz nukdaýnazarlaryndan baha berýärler.
Simona de BOWÝUAR.
* * *
Ýazyjylar adam ruhunyñ inženerleridir.
Iosif STALIN.
* * *
Biziñ iñ uly ýalñyşymyz — töweregimizdäki her kesi «adam» hasap edýänligimizdedir.
Çarlz BUKOWSKIÝ.
* * *
Meni ýigrenýänleri ýigrener ýaly wagtym ýok. Çünki men öz gadrymy bilýänleri söýmek bilen başagaý.
Gabriel Garsia MARKES. Sözler