|

Seniñ keşbiñ

Seniñ keşbiñ SENIŇ KEŞBIŇ

Seni görmänime bir hepde boldy,
Bir hepdeläp ýandym hijran oduna.
Diňe gözel keşbiň göz öňme geldi,
Senden başga zat düşmedi ýadyma.

Biçäre aýalym diýse bir sözi,
Oňky däl, seň sesiň gelýäne döndi.
Maňa dikilende eýjejik gözi,
Onuň nazarynda keşbiň göründi.

Her mahal her ýerde görünen keşbiň
Ahyry ýüregmi buza öwürdi.
Meni penjesinde oýnaýan yşgyň
Aýalmyň söýgüsin ýele sowurdy.

Arman, ol hiç zady duýanok heniz,
Öňküsi dek sypalaýar başymy.
Oňa derdim aýtjak bolamda hergiz,
Üç çaga gurşaýar meniň daşymy.

Üçüsi üç ýerden bakýar ýüzüme,
Olaň mähri doň ýüregmi eredýär.
Şol erginden perde çekip gözüme,
Bir özlerne bir aýalma garadýar.

Aýalym dillenýär: «Näm bolýar saňa?»
Çagalarym diýýär: «Kakam aglaýar».
Ýene hyýalymda garaşýaň maňa,
Garaşýaň, elleriň çemen baglaýar.

Şol çemeni almak üçin ugrasam,
Birden-de ýoluma böwet basylýar.
Ýok, böwet däl, oglum eken bir görsem
«Kak-ka» diýip, meň syýymdan asylýar.

Tisgin ýąn ýigrenji düýş gören ýaly
Akylym pikrim, küýüm tisginýär..
Syrym hemmä äşgär bolan mysaly,
Meniň bilen bütin öýüm tisginýär.

…Ine, şeýdip ýola saldym hepdäni,
Belki, şeýdip aýlary-da geçirin.
Ýöne çagalarmyň bagty üçin welin,
Kyn bolsa-da, öz bagtymy öçirin.

Şol sebäpden gün älemden göçende,
Käte ýeke, kä joralaň içinde,
Meni gözläp, köçämizden geçende,
Duşuşyga barabilmen, bagyşla.

Gül satyjy: «Gül al» diýip gülse-de,
Bäsdeşim gyjytly nazar salsa-da,
Gara gözlim, gözüň ýolda galsa-da,
Duşuşyga barabilmen, bagyşla.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle