Köne hekaýat
Köne hekaýat
Bir wagtlar akly kelte bir adam:
«Tizden öljegimi duýýan» diýenmiş.
«Dowzahyň odundan gorkýaryn mydam,
Jennete girmegi söýýän» diýenmiş.
«Ölsem, gezer ýaly behişt düzünde,
Dirikäm günämi ýuwaýyn men-de,
Pata beriň, hut şu günüň özünde,
Käbe tarap gadam goýýan» diýenmiş.
«Nesip çekip, oňa baryp biläýsem,
Hyzmat edip, tozun syryp biläýsem,
Daşyn öpüp, janym berip biläýsem,
Uçma girjegimi duýýan» diýenmiş.
Şol mahal bir goja galyp ýerinden,
Söz saýlap alypdyr pikir serinden.
«Biderek zatlara, uýup ýörenden,
Diňle, hakykaty diýýän» diýenmiş.
«Käbede işiň ýok, pendimi alsaň,
Eneň käbeden-de güýçlüdir, bilseň,
Şonuň hyzmatynda yhlasly bolsaň
Günäň ýuwuljagny duýýan» diýenmiş.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular