|

Gowusy mertlerçe

Gowusy mertlerçe GOWUSY MERTLERÇE

Nämeler bolmaýar…
Meniň gämimiň
Hesret derýasynda çaýkanan güni
Duýmankam dadyma ýetişdiň-de sen,
Asuda kenara çykardyň meni.

Bilýärsiň
Undamok bu ýagşylygňy,
Emma düşünemok başga bir zada.
Aýt hany, nämüçin pursat tapsaň sen,
Halasgärimdigňi salýarsyň ýada.
Ýaýdana-ýaýda
Seniň ýalňyşlaň
Birjesine «dogan, munyň däl» diýsem,
Meni gadyrbilmez nadana deňäp,
Hyrçyňy dişlemäň gowlukmy, eýsem?

Soňra-da,
Dodagmy çeýnänmi synlap,
Ynjalýaň,
Ýüzüňem gidýär ýagtylyp.
Ynan, towky bolup indi başyma,
Ýamanlykdan kyn düşdi bu ýagşylyk.

Bu nämüçin beýle?
Belkem, hakyky
Keşbiň gizläp, halasgäre öwrülip,
Bir ýagşylyk bilen meniň agzyma:
Gulp urmakçy bolansyň sen ömürlik.

Şeýle bolsa,
Dogan şol ýagşylygňa
Baha kes, gizleme göwnüňde baryn.
Bir gezekde, näçe gymmat düşse-de,
Gaş çytman, seň bilen hasaplaşaryn.

Seň welin telegňe telek diýemde
Ýene kimdigiňi ýatladyp, aýdyp,
Hüňürdäp başlasaň,
«Galgyn» diýerin
Hem saňa bergidar bolmaryn gaýdyp.

Ýok, uly pällämok.
Düýpsüz deňizde
Güýçden gaçyp, sanasam-da demimi,
Walla, seniň kimin halasgärlerden
Dalda gözläp uzatmaryn elimi.

Çünki, hile bilen özün goraýan
Ejizleň toruna düşmänkäň häli,
Deňizde mertlerçe gark bolan ýagşy,
Soň her günde «ölüp-dirilmez» ýaly.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle