|

Replika

Replika REPLIKA

Eý, dilewar ýoldaş, saklan sen biraz,
Sözüňi bölýänmi görme sen gaty.
Bilýänsiň, kän dymdym, ýöne iru-giç
Diýmeli ýüzüňe bir hakykaty.

Gel, gowsy, men ony aýdaýyn şu gün.
Ýarylsa ýagşydyr iriňlän ýara.
Meni öwjek bolup ata-babamyň
Elmydam ýüzüne çekýärsiň gara.

Diýýärsiň: «Nadandy atasy munuň»,
«Babasy-da tüýs nadandy» diýýärsiň.
Nadan maşgaladan men dek alymy
Döreden zamana telpek goýýarsyň.

Zamana sözüm ýok, ajap zaman bu,
Oňa alkyş, şöhrat bolsun müň gezek.
Emma welin meniň ata-babamy
Nadan saýýanyňa gyýylýar ýürek.

Dogry, olar alym däldi biz ýaly,
Çarwady, topragy söýen daýhandy.
Esgerdi namysa gezek gelende,
Watan, sähra bilen bir ten, bir jandy.

Diňläpdirler Keýmir kimin ärleri,
Her wakadan sapak alypdyr olar.
Hut şolaň islegni ýazmak üçinem
Inipdirler dünýä magtymgulylar.

Ýap-ýaňkyja seni aňk eden sazam
Şolaň ýüreginden emr alan mukam.
Ýeri, onsoň seniň ata-babama
Nadan diýmekligiň özi nämekän?!

Belki-de, bu nadanlykdan nyşandyr.
Aýypdyr bolmaklyk töhmete syrdaş.
Gutardym.
Isleseň,
indi sözüňi
Dowam etdiriber,
gürläber, gardaş!

* * *

Öwünme,
Ýürege düşmänkäň
Dym sen,
Görkez gaýratyňy –
Aýdaýyn kim sen.
Haýrana galdyryp bilmersiň meni,
Sözde ýyldyz bolup parlap dogsaň-da.
…Bulut bolsaň, ýag sen,
Ýuw sen dünýäni,
Günüň öňün tutup durma ýogsam-da.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle