Şirgazy medresesiniñ öñünde
Şirgazy medresesiniñ öñünde
Howalasy belent gadymy Hywaň
Bulda gol uzadýar gözellikleri.
Arman, egnin gysyp otyr Pyragyň
Mekan eýläp, üç ýyl duz iýen ýeri.
Daýym undulmajak bosagasynyň
Kerpijin goparyp zyňypdyr gör, kim?
Tylla gapysyndan galmandyr derek,
Ýyllaryň şemaly bozupdyr görkün.
Haýpym gelýär, dodagymy dişleýän,
Günäkär dek bu zatlaryň baryna.
Soňam gämisini sürýärin
Hyýal derýasynyň o kenaryna.
O kenary bolsa şar gara bulut
Büräpdir, ýene-de duman sürünýär.
Dumanyň içinde beýik Pyragyň
Hem Nury Kazymyň keşbi görünýär.
Olaryň nazary öwrülýär dürbä,
Şynlaýar tolkundan ýasalan ýoly.
– Gör, ajap eýýämden bir adam gelýär?!
– Sorarys, niçikkä Şirgazyň haly?
Bu gürrüň ýüregme tyg bolup çümýär,
Bu gürrüň gozgalaň salýar serime.
Gämimi yzyna sowýan-da, gaçýan,
Olaň huzuryna barmaň ýerine.
Tolkunlar yzymdan ylgaýar meniň,
Gülüp, gyjalatly aýdymyn aýdyp.
…Onýança depämden bir kesek gaçýar,
Hyýal derýasyndan çykýaryn şeýdip.
Ýene öňümde dur gadymy Hywa…
Synlap daşym gurşan, gözellikleri,
Janköýer hossara garaşyp otyr
Pyragyň üç ýyllap duz iýen ýeri.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular