|

Taý bolup geldiň

Taý bolup geldiň TAÝ BOLUP GELDIŇ

Göwnümde guruljak söýgi köşgüniň,
Üsti hem astyna laý bolup geldiň.
Lerzana getirip aşyk köňlümi,
Nesibämden çykyp, Aý bolup geldiň.

Uçradym dermansyz agyr dertlere,
Razy men, sen bolsaň ähli şertlere,
Sergezdan galamda güler ýüz bile,
Ejizje göwnüme jaý bolup geldiň.

Nalyşym Hudaýa barandyr, belki,
Isleýän ýüregiň bolsun bir meňki,
-Saýlanym, barlygym -diýip bir seňki,
Ömrümiň okuna ýaý bolup geldiň.

Ýekeje arzuwym dünýäň ýüzünde,
Ýanymda bolsadyň her bir demimde,
Älemde bir seni söýýän diýemde,
Nä umyt köňlüme taý bolup geldiň.

SOŇKYM BOLUP GAL

Söýgi we şeraby tutdum gyradeň,
Hersine baş goşdum datdym birme-bir.
Emma-welin sen olara garama,
Sebäp mende diňe geçmiş gara kir.

Sen meni ýeg tutduň, özüňden, ilden,
Mähir berdiň bütin ömre ýetere.
Teşnelikde seň yşgyňa ulaşdym,
Indi ýol ýok şol ykbaldan gidere.

Gyýylsaň-da,daşlaşmagyn hiç haçan,
Düşäýmesin aramyza hile, a:l.
Gynanmagyn, seň ilkinjiň däl diýip,
Gel, öýme atynyp, soňkym bolup gal!

***

Ýylgyrşyň bahardy, gunça leb a:ldy,
Saçlaryň girdapdy, çykarlyk däldi.
Ezizim, şol gije aýtmadyk sözleň,
Gözlemde möhür deý syýasy galdy.

Ahmet ARAZOW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle