|

How ene bilen hyýaly duşuşyk

How ene bilen hyýaly duşuşyk HOW ENE BILEN HYÝALY DUŞUŞYK

– Eneleriň enelerniň enesi,
Eziz How Ene!
Aýt sen maňa,
Ýolsuz ýerden ýol ýasap
Hem duw-ak saçlarňy galgadyp ýele,
Nirden gelip,
Nirä barýaň alňasap?

– Adam ata ýaňy dünýä aýlanyp
Baransoň,
Çaý-çörek goýup öňünde,
Gaýtdym…
Ylgap ýörin başagaý bolup,
Nädeýin-dä,
Ähli ýere ýetmeli,
Syn etmeli Zemine her gelemde.

– Döretdiňiz,
Ýaýratdyňyz äleme
Ynsan atly beýik hökümdary siz.
Aýa-güne ganat berip ýörenem,
Ganatyn gyrýanam siziň nesliňiz.

Bar zadyň eýesi siz ahyr, Ene,
Ene,
Näme gerek dünýäden ýene?!.

– Zat gerek däl,
Mätäçligmiz ýok biziň…
Neslimize sowgat berip Ýer şaryn,
«Şuny ýarman,
Aman saklaň!» diýipdik,
Kasam içdiripdik olaryň baryn.
Görýäs weli…
Araňyzda wadasyn
Undan ýa unutjak bolýan bar ýaly.

– Ahmal, eziz Ene,
Goh bar, How Ene..
Şeýleräk boldy-da biziň döwrümiz,
Ony sizden nädip ýaşryp saklaly!
Hеr halam,
Alňasap ýörmän, dolanyň
Size dynç almaklyk gerek hökmany.

– Biler bolsaň,
Dünýä nesillem üçin
Gurulan ýeke-täk,
Darajyk öýdür.
Şol öýde-de agzybirlik bolmasa,
Kä perzendem borjun ýada salmasa
Garry Adam ataň,
ak saç How Eneň
Dynç alyp,
Ynjalyp bilermi heý-de!..

– Aýt, How Ene
Nädip kömek bersemkäm?!.
– Kalbyňy päk saklap,
Mydam derläp gez
Hem kelläni döw sen kän…

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle