|

Lenin hakynda aýdym

Lenin hakynda aýdym LENIN HAKYNDA AÝDYM

Ady ile dolan bagşy däldi ol,
Aýdyma höwesek sada ýigitdi.
Günleriň bir güni
Şol sada ýigit
Beýik Lenin hakda aýdym aýtdy.

Şol aýdym bilenem
Mähriban Iliç
Gelipdir obama ilkinji gezek.
Diňlänler iýdiler: «Bu ajap aýdym
Baýlaryň gonjuna gor guýsa gerek!»
Dogrudanam, oda düşdi han-begler
Aňtadylar, bir gün bolsa tutdular.
Baglap el-aýagny,
Baglap agzyny,
Garaňky zyndana zyňyp gaýtdylar.

Şeýdip,
Bu aýdymdan dyndyk diýdiler,
Ukladylar.
Düýş gördüler –
Görsene,
Ýigidiň golundaky zynjyr şakyrdap,
Şol aýdymy aýdyp berdi hersine.

Tisginip turdular,
Ýordular düýşi,
Soň nätdiler?
Bagşy ýigdi atdylar.
«Gülläň gudratyna taý ýokdur» diýşip,
Öwündiler hem welilik satdylar.

Ýöne welin bar zat boldy tersine…
Alyp barýarkalar ýigdiň meýdini.
Adamlar bozdy-da öňki adaty,
Aýtdylar şol täze dörän aýdymy.

Baýlar gahar bilen dişledi hyrçyn:
«Bu aýdymdan, heý, gutulmak barmyka?
Gowsy biz gaçalyň adamsyz ýere,
Çölüň jümmüşinde tutalyň mekan…»

Gaçdylar-da, çölde mesgen tutdylar,
Berdiler özlerine biraz teselli
Emma güneş paýlap,
Parlap dogan Gün
Getirdi,
Ol aýdym çöle-de doldy.

«Ah, nätse bolarkan? – oýlandylar-da
Diýdiler: «Arzuwmyz düýpden
başgady…»
«Indi galan ýalňyz çäre şu» diýşip
Özlerine gabyr gazyp başlady.

Gazaply günlerde,
Jeňli günlerde
Lenin hakda döräp, eý ajap aýdym,
Ýaşadyň,
Göreşdiň.
Ýeňiji bolduň,
Gaýda taplandy her setiriň, beýdiň.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle