«Ajal alyp barýar adam jesedin…»
"Ajal alyp barýar adam jesedin…"

Ajal alyp barýar adam jesedin,
Adam galýar adamlaryň aňynda.
Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň,
Halk atly şu dowamatyň barynda.
Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de,
Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.
Ajal kesgitlänok ömrüň çägini,
Akyl berip ýaşap ýö:r-ä Eflatun.
Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň,
Paýhasyň hem gowulyga yhlasyň.
Halk atly dowamat şeýle adalat,
Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýö:r öteni.
Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de unudýar seni.
Baýram AKATOW Goşgular