|

Dostsyz başym — duzsuz aşym

Dostsyz başym — duzsuz aşym DOSTSYZ BAŞYM — DUZSUZ AŞYM

(Haýyş bilen ýazylan goşgy)

Şahyr bolmajagym bilenimden soň,
Goşgy ýazyp ýören oglan däldim men.
Bu gün weli goşgy ýazyp, pikirimden dändim men.
Eziz dostlar, ýaşyňyzyň soňunda,
Goşgy ýazyp, ylham berdiňiz maňa,
Goşgyňyzda melhem berdiňiz maňa,
Dutaryma gül heň berdiňiz maňa.
Goşgy diýmek näme—duýgudyr başda,
Duýgy-da söýgüdir başga.
Şondan başlanýandyr ojaga söýgi,
Hem-de mährem gujaga söýgi;
Il-günüňe söýgi,
Gülüňe söýgi.
Hemme zat başlanýar ajap duýgudan.
Daş boluň dostlar,
Soňy gelmez gaýgydan

Bir pursat göz aýladym men geçene,
Az däl eken geçilen ýol,
Ýollar bizi alyslara ýollapdyr.
Kötel ýollaň agramyna
Epmändirs dyzymyzy
Iň esasam
Gömmändirs yzymyzy.

„Ýamanlyga ýagşylyk—är kişiniň işidir“,
Gulagymda diýen sözi atamyň.
Durmuş-da bi, ýagşysy bar, şeri bar,
Görüp durka köri bar,
Eşdip durka keri bar.
Özimem ak garga däl,
Belki-de, sany ýokdyr hatamyň.
Dost tutundym, haýyr-sogap etdim men,
Ýagşylary ýüze togap etdim men.

Dostlar, siziň bilen duz-emek bolup,
Göz ýetirdim bir zada:
Siz meniň eziz dostlarym,
Hemem çyn dost unutmaýar,
Hiç haçan eziz dostlaryn.

Az däldir azabyňyz,
Az däldir azaryňyz.
Şonda-da „ Sabyr-ömürden!“
Diýip ýaşaýarsyňyz.

«Toýuma çakylyk bilen gelen dost
Çakylyksyz gelsin ýaman günümde!“
Diýen atam bu sözüňe
Hemmeler gol goýsa gerek.
Gadymýetiň dana sözi
Hiç haçan däldir telek.
Senden razy öňde-soňda,
Çarhy pelek, çarhy pelek.
Bir ýar berdiň misli melek.
Gyz berdiň gyz ýerinde,
Goşa didäm-goşa nerim
Birisiniň zary men,
Bir ganatsyz ýaly men…

Eziz dostlar,
Goý dik bolsun başyňyz.
Uzak bolsun ýaşyňyz,
Büdremesin çapyp barýan atyňyz,
Gowşamasyn badyňyz,
Guwanyp gezsin mydam,
Size ýakyn—ýadyňyz.
Gum diýip garbanyňyz,
Içi doly hum bolsun.
Size gyýa garanyň
Iýejegi gam bolsun.
Birje hoş sözüňiz
Göwünlere em bolsun.
Elmydama ýanyňyzda
Başdaşyňyz hem bolsun.
Galanyn öziňiz aýdyň,
Ýene başga kim bolsun?!
Ogul gyza bagt gerek
Bagty özleri gazansyn.
Adam gadryn biler ýali,
Goý birneme kösensin.

Dostlar, eziz dostlar, mähriban dostlar,
Ömrüňiz bolsun zyýat.
Araňyzda hiç haçan
Bolmasyn haýat.
Arzyly günlere
Bolalyň şaýat!

07.07.2013.

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle