|

Ämängüliñ degişmelerinden

Ämängüliñ degişmelerinden AMANGÜL MÄMMETYAZOWANYŇ DEGIŞMELERINDEN

— Myhmançylykda zenanlaryň esasy aladasynyň öý eýesiniň ähli zadyny birlaý gözden geçirip, oňa baha bermekden ybarat bolýandygy-ha tebigy ýagdaý. Onsoň, şular ýaly myhmançylyklaryň birinde iki aýal pyşyrdaşýar diýýär.
— A gyz, öňüňdäki gapdaky çorba bir seret, içi dup-duruja-da, hakyt.
— Wiý, ýogsam näme. Ol muny ýöne ýerden edýändir öýdýäňmi? ýa gazanynda et-kartoşka ýokdurmy, häzir baryp görseň?
Gep naharda däl, tarelkalarda. Seret, okaralaryň düýbündäki nagyşlar, ýazgylar onuň gymmatbaha gapdygyny görkezipjik dur-da.
Ana, onuň bar aladasy biziň açlygymyz-doklugymyz däl-de, tarelkalary görüp, içimiziň ýanmagy…

Ýene-de aýallar barada.

Bir aýal goňşusynyň gapysyny kakýar diýýär:
— A gyz, maňa az wagtlyk oklawyň gerek boljak welin, gaýrat edip berip bilmersiňmi? Özümiňkini düýnjük döwäýdim-dä. Derrewjik dynyp, dolab-a getirerdim.
— Wah, goňşy, bermesine-hä bererdim welin, edil şu wagt oklaw özüme-de gerek-dä. Menem adamyma garaşyp otyryn. Olam gijä galdy.

* * *

Biri lukmanyň ýanyna barýar diýýär. Lukmanam ony doly barlagdan geçirýär-de, hassanyň ýüzüne seredip, esli wagtlap dymyp oturýar. Onuň ala- daly keşbini görüp, hassa ysgynsyz seslenýär:
— Lukman, näme boldy?
— Aý, men ony…
— Näme, meniň keselim näme, aýdyň ahyryn…
— Wah, men ony aýdyp biljek däl…
— Lukman, aýdyň. Hakykaty aýtsaňyz bolýar, men mertdirin.
— Siziň keseliňiz bar-a… Aý, ýok, men öňi-soňy aýdyp bilmerin.
— Aýdyň, men ähli zada taýyn.
— Ýeri, bolýa-da. Siziň keseliňiziň ady… Neme… Ekinehekge… aý, ýok. Ekenikak… Wah, ýok-laý, neme, ekinimikakga… Ekenimikikgge… Ehenehok-goz… Wah, ýaşuly, aýtdym-a men, şol sözi aýdyp bilemok diýip. Dilim öwrülenok. Ertir aýlan, kelle sagat wagty, mazaly öwrenip, aýdyp beräýeýin-le… Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle