Aýdym bolsa duýgularym
Aýdym bolsa duýgularym
Aýdym bolsa duýgularym,
Hyýallarym güýmemese.
Çekip bilsem boşy ýaly
Yşkly ýüregmiň suratyn.
Onsoň ýene düşsem ýoda,
Ürküzmese ömrüň saly.
Kän zady islemändim-ä…
Ýaşamakdan gözläp many.
Görsene…
Kindiwanja umytlarym,
Ynamyma baglanymy.
Ynjyk göwnüm…
Ýazykly, kineli göwnüm,
Hyýal bilen allanymy.
Buýr-bulaşyk aýdym heňni,
Geçirjek bolamda nota,
Dünýämi baglan duýgulam,
Ýüregmiň zaryn sesini,
Diňdirip bilmändi ýogsa.
Soragly garap düýnüme,
Jogap tapmadym ertäme.
Daşlaşyp barýan kä zatdan,
Ýa ýakyn ýaly kä zada…
Aýdym bolsa duýgularym,
Ürküzmese ömrüň saly.
Yşkly ýüregmiň syratyn,
Çekip bilsem boşy ýaly.
Bilbil KAKABAÝEWA. Goşgular