|

Galamdaşyma

Galamdaşyma GALAMDAŞ DOSTUMA

Ömri şygyr bilen bezemek isläp,
Ýaşadyk özümiz şygyr, heň bolup.
Şöhraty däl, şahyrlygy höwesläp,
Gezdik özgeler deý joşup, hiňlenip.

Goşgy ýazdyk, aň etmedik soňuny,
Şeýdip, derdimizem ýeňäýen ýaly.
Şygyrýet köýnek däl, geýip, soň ony
Egniňden çykaryp zyňaýar ýaly.

Ýeri, başyň alyp gidersiň nirä?
Ýol, duralga, iş, öý… durşuna şygyr.
Sowuk gijelere maňlaýy diräp,
Gözledik, agtardyk täzeçe pikir.

Pikrimizden uzyn geldi bu durmuş,
Başgaça ýaşadyk arzuwlarmyzdan.
Günler — çözmesi kyn tapmaça, gurluş,
Olar jogabyny hantama bizden.

Günleriň gözünde galgan sa:lgym men,
Ýüregim düşnüksiz ahmyrdan doly.
Eşigmiň ýyrtygna utanmandym men,
Gowşak goşgularma utanşym ýaly.

Ömürden däl, wagtdan has öňe gitdik,
Dost diýip, köpleriň elini gysdym.
Şatlygy däl, derdem deň bölüşjekdik,
Biz muny başaryp bildikmi Dostum?!
Aýtsana Dostum!

Goçmyrat Orazberdiýew Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle