Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly
Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly

Ömrüň tirkeşipjik giden göçlerin,
Gaýtarmak isleýän hyýalda käşkä.
Bu seýreklän hem çalaran saçlaryň,
Öňler agyn sanan bolardyk ýaşkak.
Indi garasyny sanaýmalyja.
Gussa naýzasyny sünjip çalaja,
Ýüregiň törüne gözleýär ýoly.
Ýaşlykdan dartylyp gaýdan alaja
Ýüpüň, ýyl geçdikçe inçelip bili,
Ynha-ynha üzülerli görünýär.
Bir ujunda ýaşlyk balyk mysaly,
Sypjak bolup eýläk-beýläk urunýar.
Men bolsa emelsiz balykçy ýaly,
Kenara çykarmaň tapman ugruny,
Töweregme garap haraý gözleýän.
Dözmän ol balygyň düşen jebrine,
Dartylan ýüplügi biraz çözleýän.
Degme ýüzübersin ýüplükden sypman,
Hakyda ummannyň giňişliginde.
Men gideýin gojalyga howlukman,
Ol hem galybersin şol ýaşlygynda.
Käte ol ummanyň kenarna baryp,
Hyýalymda seniň keşbiň görerin,
Şonda men kalbymyň perdesin syryp,
Sen hakda şygyrlar aýdyp bererin.
Sen gidersiň ýene ummana çümüp,
Şol elýetmez tylla balyk mysaly.
Men bolsa kenarda galaryn dymyp,
Çeňňegi üzülen balykçy ýaly.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular