«Men sizi söýýärin, öñünden aýdýan…»
"Men sizi söýýärin, öñünden aýdýan…"
Men sizi söýýärin, öňünden aýdýan,
Däldirin men sizden hiç zat hantama.
Siziň meni söýmegňizem hökman däl,
Siz bu ahwalymy aňmaň gaýtam-a.
Dogry, siziň sözleriňiz ruhuma
Howa kimin ýetmeýänem dogrudyr.
Neneň het edeýin, başga birine
Aýdylmaly sözi eşden ogrudyr.
Men däli, men akmak, men bir kelesaň,
Ýogsa oýlarmydym şeýle zatlary.
Hem indi düşünýän gündeligňe-de,
Ýazyp bolmaýanna käbir atlary.
Ýok bu syryň hiç kim üçin peýdasy,
Men başga birini, bilýän, söýerin.
Gadaganam bolsa sizi söýmeklik,
Şonda-da kalbymdan kowup goýbermen,
Men sizi ol ýerde gizläp goýaryn.
Gülnar BAÝLYÝEWA. Goşgular