Indi giç
Indi giç
Islege görä däl, söýgi oýun däl,
Arzuwlarym sürer ýaly goýun däl,
Bu gün ykbal gözleriňe boýun däl,
Ah çekip, alyp möwç aglamasan-a!
Köňül diwaryňda goýmadyň ötük,
Taşladyň söýgime «Ýok» sözün çitip,
Onsuzam kalbymyň agysy ýetik,
Haýyşym, indi hiç aglamasan-a!
Hany, şol gözleriň sedasyz gülen,
Hany, alçaklygyň şemal deý ýelen,
Gowusy, şol kejir näzleriň bilen,
Mertlikden alda-da güýç, aglamasan-a!
Gözýaşlaryň jiger-bagrym eredýär,
Ýürek ejiz, emma, namys ýöredýär,
Gör, kalbyma indi özge seredýär,
Bilýäň-ä, indi giç, aglamasan-a!
Ahmet ARAZOW. Goşgular