Dünýä ýüzlenme
Dünýä ýüzlenme
Hem goja, hem juwan dünýä,
Senden köp zat öwrenmeli.
Çek, bagyndan sallançagyň,
Oýan-buýan üwre meni.
Soň silte, dara dözümli,
Asla läliksiretmegin.
Polat kimin tapla ömri,
Sähel oda eretmegin.
Ähli hatam bagyşlama,
Goý, çekeýin jezamy-da.
Ýalňyşlarym düzetmäge,
Kä berseň bor ejaza-da.
Syna. Geçsem synagyňdan,
Hem ödesem umytlaryň.
Bir gün şulaň bary üçin,
Bagtly etmegi unutmagyn!
Kerim ATÇAPANOW. Goşgular