|

Doglan günüñde

Doglan günüñde DOGLAN GÜNÜÑDE / degişme

Bu gün doglan güni dolan Aýymyň,
Gutlagda hökmany bolmaly ilki.
Ýogsa, nämemişin ony bilseler,
Gyzlar arasynda dörärmiş gülki.

Derrew görkezmeli alan sowgadyn,
Zynjyry, gurjagy hem-de gülleri.
Birisi bolmasa, göwne ýakmasa,
Bir aýlap ot pürkär «süýji» dilleri.

Gündüzi dükandyr gözellik salon,
Soňra ha gitmeli gijesi parka.
Hälem, ýekeje gün ýylyň içinde,
Ýogsa, eşek edip münjegem arka.

Gurbadyňa garamaz ol, işi ýok,
Maddy zatdyr bar bileni-biteni.
Sen-ä meni beýle derde goýýançaň,
Dogulmanjyk geçseň boljak ekeni. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle