Kakañdyr
Kakañdyr
Durmuş hatardan doly,
Öwreder, görkezer ýoly,
Erte ýykylmazyň ýaly,
Goramaýan kakaňdyr.
Ýeňişiňde: -Bah… -diýdi,
Ýykylaňda: -Ah… -diýdi,
Gatnaşykda bähbidi,
Aramaýan kakaňdyr.
Her bir zatlar azaply,
Her bir zatlar hasaply,
Bu durmuşda gazaply,
Daramaýan kakaňdyr.
Agrasdyr sataşaňda,
Suw berer ataşyňda,
Gahara tutaşaňda,
Köremeýän kakaňdyr.
Mertlik pederden, meger,
Gaýrat ýüregi ýeňer,
Halyň teň bolsa eger,
Soramaýan kakaňdyr.
Ahmet ARAZOW. Goşgular