Gaýrat gerekdir
Gaýrat gerekdir
…Ah, bagtly bolmagy kimler başarmaz,
Bagtsyzlyga welin gaýrat gerekdir.
Goçmyrat Orazberdiýew
Kimse gider ilki ömrün satmaga,
Soň alarman, aby-haýýat gerekdir.
Şiri goýup, şagal-tilki atmaga,
Mydama bürgüt deý saýýat gerekdir.
Agzybirlik maşgalanyň daýanjy,
Deňlik bagtdyr saglyk bolsa guwanjy,
Enäniň söýenji atanyň genji,
Döwletiň çür başy zürýat gerekdir.
Bu günüň geçensoň dolanmaz wagtyň,
Halal ojagyňdan arzandyr tagtyň,
Bilinmez, bol bolsa gadry hem bagtyň,
Köňüle kä mahal perýat gerekdir.
Kemala getirýän maýadyr neri,
Gyzylam gögerder zähmetiň ýeri,
Boýaga, gyzyla… gaplanan peri,
Görke däl, edebe saýýat gerekdir.
Emelsiz iş görse kellesin gaşar,
Hereket rysgaly özüne daşar,
Ah, bagtsyz bolmagy hemmeler başar,
Bagtlylyg welin gaýrat gerekdir.
Ahmet ARAZOW. Goşgular