«Humarala»
"Humarala"
Mylly aga
Asmanda enaýy täze Gün dogýar,
Aý şöhlesi ýuwaş-ýuwaş göçedir.
Baglarda eşdilýär bilbil owazy,
Dag şemaly ýüzüň ýelpäp geçedir.
Ýagtylyk nur saçýar tümlügi böwsüp,
Göwünler şat çözen ýaly mataly.
Zemin ýene täze lybas geýinýär,
Aýyl-saýyl gara daglaň hatary.
Şer ýok. Haýyr — göwünleriň töründe,
Gözellik bar – bakylygyň mukamy.
Älhepus, ne şirin dünýäň owazy,
Ne şirin, ne şirin? Tutdum ýakamy…
Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular