|

«Bolup bilmedik biz atamyz ýaly…»

"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly…" “BOLUP BILMEDIK BIZ ATAMYZ ÝALY…”

"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..."

Bolup bilmedik biz atamyz ýaly,
Atam eli açyk, sahawatlydy.
“Dünýä maly galar – diýdi — dünýäde”,
Öz hakyna kaýyl, kanagatlydy.

Biz bolup bilmedik atamyz ýaly,
Myhmana açykdy mydam saçagy.
Haçan barsaň gara gazan gaýnardy,
At alypdy il içinde ojagy.

Egser ýaly däldi tamdyrtowymyz,
Sowulmazdy alaw ody tamdyryň.
Suwa batyrylan gyzgyn nanymyz,
Paşşyldysy owazydy tamdyraň.

Biz bolup bilmedik atamyz ýaly,
Megerem bu durmuşyň bir kanunu.
Diýdiler: -Atasy misli Hatam Taý,
Ogly welin gadym döwrüň Karuny…

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle