|

Akademik

Akademik AKADEMIK

Baýmuhammet Garryýewe

Datly miwe daragtyna çalymdaş,
Şahalaryň ýaýrap gitdi çar ýana.
Adam bary datdy miweleriňden,
Iller diýdi bakyp saňa dürdäne.

Ýagmyr ýagdy, gar syrady, buz doňdy,
Kär etmedi, çuňa gitmiş kökleriň.
Palta degmez uzap giden şahaňa,
Direldiň sen alkyşyndan köpleriň.

Atalaryň tagzym kylyp ýoluna,
Bu ýollaryň çekipdiň sen azabyn.
Ýöne seni gopkuzmandy birjigem,
Arka atdyň bahyllaryň gazabyn.

Ataň Gorkut üçin çekipdiň azap,
Pähim-paýhas öwrenipdiň ataňdan.
Magtymguly saňa medet beripdi,
Gorapdy Azady köp-köp «hataňdan».

Agyr günde medet bermiş Görogly,
Jygalybeg «Oglum» diýmiş apalap.
Türkmen diýip janyn beren merdanaň,
Hiç kim bilmez adyn onuň hapalap.

Ylym atam, ylham goruň egsilmez
“Akademik B.Garryýew” adyňda.
Men bir zady bilýän – ýaşasa nakyl,
Ýaşar adyň adamlaryň ýadynda.

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle